RSS

SOŇKY HABARLAR

3 Mar

Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahata Patyşa Faýsal adyndaky yslamy öwreniş we ylmy-barlaglar merkeziň, Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň (ÇRIK) wekilleri, Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we sebit guramalaryň wekilleri, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigin...

DOWAMY
4 Few

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde işleriň ýagdaýy seljerilip, özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meselelere, oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň beýleki...

DOWAMY
29 Few

Beýik Britaniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanyp sergi geçirildi

2016-njy ýylyň 29-njy fewralyndaBeýik Britaniýanyň Kembrij Uniwersitetiniň ”Alison Riçard“ binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasy bu ýokary okuw mekdebiniň “Kembrij Sentral Eýşa Forumy“ bilen bilelikde fotosurat sergisini geçirdi.

DOWAMY
18 Few

Minskde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda 2016-njy ýylyň Turkmenistan Watanymyzda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryş dabarasy boldy we medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy we "Maksim Tank" adynd...

DOWAMY
13 Few

Ýaponiýada Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi

2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda Ýaponiýada, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşalanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy esasynda we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi. Çärä Syýahatçylyk agentlikleriniň ýapon assosiasiýasynyň (JATA) we Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň topary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar...

DOWAMY
12 Mar

Kiýewde Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara konferensiýasy geçirildi

2015-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik Akademiýasy bilen bilelikde Bitaraplyk we Parahatçylyk ýylyna bagyşlap we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň daşary syýasaty howpsuzlygyň we durnuklylygyň şertidir» atly Halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.Ukrainanyň Diplomatik Akademiýasynyň maslahatlar otagynda geçirilen Halkara forumynyň açylyş dabarasyna Ukrainanyň Daşary işler ministri P...

DOWAMY