Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.
Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip, milli Liderimiz belleýär.
Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde Türkmenistanda “Bilim hakyndaky” kanun kabul edildi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär, orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär we çagalar baglary, orta we ýokary okuw jaýlary gurmakda uly işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan hem-de tassyklanylan ylym pudagyny ösdürmegiň maksatnamalaýyn binýadyny 2018-2024-njy ýyllar üçin durmuş ykdysady ösüşiniň Milli Maksatnamasy, 2015-2020-nji ýyllar üçin innowasiýa işini ösdürmegiň maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy we beýlekiler bolup durýar.
Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Ýurdumyz bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. “TEMPUS-TASIS” ýaly bilim maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalaryň amala aşyrylmagy döwletimiziň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň çäginde hereket edýän halkara guramalary — Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş Maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bilen bilelikde işler alnyp barylýar.
Biziň döwletimiz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze taryhy tapgyry ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde, bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär.
Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň ajaýyp bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza we halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertleri döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, biziň esasy wezipämiz halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini ýetişdirmekden ybaratdyr.
2017-nji okuw ýylynyň başynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze desgalar ulanylmaga berildi. Türkmen paýtagtynda Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň birbada üçüsi, Köşi ýaşaýyş toplumynda her biri 720 orunlyk orta mekdepleriň ikisi açyldy. Körpeler üçin bu ýerde her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi guruldy. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda her biri 720 orunlyk orta mekdepleriň ikisi ulanylmaga berildi.
Bilim pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, taýýarlama we grafika, maglumat-kommunikasiýa we täzeçil tehnologiýalar ýaly dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy. Mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň sanawyny artdyrmak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Munuň özi köpugurly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň giňelýändigini we ösýändigini nazara almak arkaly kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes we ýapon dillerini çuňňur öwredýän okuw mekdepleri hereket edip başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryna ýörite maksatnamasy bilen üpjün edilen netbuklaryň sowgat berilmegi şatlykly waka öwrüldi. Özüniň noutbuky bilen mekdep maksatnamasyny özleşdirmegi dowam edýän 1-nji we 2-nji synp okuwçylary üçin multimediýa gollanmalary taýýarlanyldy.
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ders ugurlary boýunça geçirilýän abraýly olimpiadalarda her ýylda üstünlik gazanmagy bolsa bilim ulgamynda amala aşyrylýan täzeçil özgertmeleriň oňyn netijesidir.
2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň himiýa fakultetiniň täze binasynyň açylmagy ähmiýetli waka öwrüldi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (TDU) ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň we iri ylym-bilim hem-de medeniýet merkezleriniň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda TDU-nyň okuw binýady düýpli döwrebaplaşdyryldy. Baş bina, fizika, matematika we geografiýa fakultetleriniň täze binalary guruldy. Bu ýerde täze hünärler yzygiderli açylýar. Ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak işi alnyp barylýar.
2017- 2018-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine jemi 8 müň 308 talyp kabul edildi. Munuň özi 2016-njy ýyldakydan 1052 adam köpdür (ösüş 14 göterime barabar).
Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alýan okuw mekdepleriniň çägi ýylsaýyn giňelýär. Ýurdumyzyň talyplaryny okatmak işi gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýollanmasy boýunça amala aşyrylýar.
Iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünäri hem ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, şu döwletlerde öz talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy.