تركمانستان
OGT-2026
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026" dünýäniň energetika jemgyýetini Aşgabatda jemlär
2026-njy ýylyň 21-23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026" atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Merkezi Aziýadaky öňdebaryjy halkara energiýa platformalarynyň biri bolan bu çäre döwlet edaralarynyň, milli energiýa kompaniýalarynyň, halkara nebit we gaz operatorlarynyň, maýadarlaryň, maliýe edaralarynyň, tehnologiýa üpjün edijileriniň we dünýäniň dürli künjeginden pudak bilermenleriniň wekillerini bir ýere jemlär.
Bu çäre "Türkmennebit" we “Türkmengaz” döwlet konsernleri we "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen energiýa forumy” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýar. OGT halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek we Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm platformadyr.
Maslahatyň iş maksatnamasy ýurduň energetika pudagyny ösdürmegiň strategik ugurlaryna, şol sanda “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de ösdürmäge, Hazar deňziniň kenarýakasynda uglewodorodlaryň geologiýa gözleg işlerini geçirmäge we önümçiligine, tebigy gazyň pula öwrülmegine, nebit-himiýa senagatyny ösdürmäge, energiýa geçişine, metan zyňyndylaryny azaltmaga, sanly özgertmä, emeli aňyň ulanylmagyna, uglerod dolandyrylyşyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň integrasiýasyna we energiýa taslamalarynyň halkara derejesinde maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.
OGT 2026 gatnaşyjylara Turkmenistandaky ileri tutulýan maýa goýum ugurlary we geljegi uly taslamalar barada täze maglumatlary almaga, şeýle hem ýokary derejeli hökümet işgärleri, milli energiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, halkara maýadarlar we tehnologiýa pudagynyň ýolbaşçylary bilen gönüden-göni gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berer.
Şeýle hem, çäräniň çäginde nebit-gaz, nebit-himiýa we energiýa pudaklary üçin döwrebap tehnologiýalary, inženerçilik çözgütlerini we hyzmatlary görkezýän halkara sergisi geçiriler. Serginiň işewürligi ösdürmek, strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak we öňdebaryjy tehnologiýalary öňe sürmek üçin netijeli platforma boljakdygyna ynanylýar. OGT2026 halkara sergisine öňdebaryjy halkara energiýa kompaniýalarynyň, köptaraply maliýe edaralarynyň, diplomatik missiýalaryň we degişli pudak guramalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar, bu bolsa energiýa gepleşiklerini we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Türkmenistanyň öňdebaryjy halkara platformasy hökmündäki ornuny ýene bir ýola tassyklaýar.
Hasaba alyş çäräniň resmi sahypasynda açyk: www.ogt-türkmenistan.com
Gatnaşmak, hyzmatdaşlyk we hemaýatkärlik bilen baglanyşykly soraglar üçin:
E-poçta: info@ogt-türkmenistan.com
Web sahypa: www.ogt-türkmenistan.com