RSS

آخر الأخبار

31 مارس

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi Orazmuhammet Çaryýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Al Hereýjiniň arasynda duşuşyk

2024-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi Orazmuhammet Çaryýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Al Hereýjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösdürmegini, hususan-da syýasy, ykdysady, energetika we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

المزيد
25 مارس

Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Krasnogorsk şäherinde terrorçylyk zerarly wepat bolanlaryň ýadygärligini hatyralady

2024-nji ýylyň 24-nji martynda, ýekşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna bardy. Ol ýerde Podmoskowýeniň Krasnogorsk şäherindäki «Crocus City Hall» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç çäreleri geçirilýär. Ilçihananyň kabul ediş otagynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrandan soň, R.Mer...

المزيد
25 مارس

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi.

المزيد
23 مارس

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhammedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri düýn Moskwa oblastynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanç...

المزيد
23 مارس

Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

المزيد
15 مارس

Ženewadaky halkara meýdançalarynda Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlary beýan edildi

2024-nji ýylyň 13-14-nji martynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde saparda boldy. Saparyň çäginde 13-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy  tarapyndan çagyrylan Durnukly ösüş boýunça sebit forumynyň ýokary derejeli çäresine gatnaşdy. Çäräniň dowamynda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň başlygy, 2030-njy ýyl üçin halkara gün...

المزيد
11 مارس

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 10-12-nji marty aralygynda Awstriýada iş sapary bilen bolýar. Saparyň çäklerinde Awstriýanyň hökümetinde, degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Meýilleşdirilýän duşuşyklaryň gün tertibinde döwletara gepleşikleri güýçlendirmek, syýasy-diplomatik gatnaşyk...

المزيد