Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Maslahata hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Gün tertibine laýyklykda parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda” Kanunyň taslamasy hödürlendi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz öz üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna möhüm ýagdaý hökmünde uly ähmiýet berýär. Ol milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge, degişli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.
Şu maksat bilen halkara ölçeglere laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär, awtobanlar çekilýär, transmilli polat ýollar, wokzallar, howa menzilleri gurulýar, döwrebap tehnikalar satyn alynýar. «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag ýollary, şol sanda deňiz, howa, demir we awtomobil ýollary yzygiderli gurulýar, munuň özi özara bähbitli sebit hem-de Ýewraziýa yklymynda sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary üçin uly mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrülen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň açyk daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň bu gün sebitiň möhüm ulag merkezine öwrülip, iri halkara logistika merkezi bolmagyna ýardam edýär. Milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen özara gatnaşyklar babatda netijeli teklipleri öňe sürýär hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreleri görýär.
Şunuň bilen baglylykda, möhüm ähmiýete eýe bolan täze Kanun Türkmenistanda ulag syýasatynyň hem-de ulag işini dolandyrmagyň esaslaryny kesgitleýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hatarynda ulag babatda kabul edilen halkara hukuk namalaryny amala aşyrmak, Türkmenistanyň ulag ulgamyny halkara ulag hyzmatdaşlygyna işjeň çekmek, ony ösdürmäge we giňeltmäge gönükdirilen anyk taslamalary hem-de meýilnamalary durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin birleşen multimodal ulag-üstaşyr ulgamlary we geçelgeleri döretmek işleri durýar.
“Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Deputatlaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýän, ilatyň ilkinji zerur önümlere harytlara hem-de senagatyň çig mala bolan islegini kanagatlandyrýan, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmagy ugur edinýän obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwletimiz oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ol ekerançylygyň, guşçulygyň, maldarçylygyň, azyk we oba hojalygynyň beýleki pudaklarynyň önümçilik düzümini tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýumlarynda öz beýanyny tapýar. Suw üpjünçiligini hem-de oba hojalyk ýerleriniň meliorasiýasyny gowulandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Ýer-suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň ösdürilmegine, innowasiýalaryň, täze ylmy-tehniki işleriň, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, obalarda durmuş meseleleriniň çözülmegine aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, täze Kanun Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Mahlasy, resminamada oba hojalygyny ösdürmek barada döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň esasy maksatlary we gurallary kesgitlendi. Resminama oba hojalyk we tokaýçylyk hem-de azyk önümleriniň önümçiligini ösdürmegiň esasy ugurlaryny gurşap alýar.
Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, obalaryň durnukly ösüşini, ilaty iş bilen üpjün etmek, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, hojalygyny dolandyrýan dürli taraplar üçin bäsleşikli gurşawy, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek işleri durýar.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça geçirilýän işler hakynda maglumaty diňlenildi.
Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna seretdiler.
Şeýle hem maslahatda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Radioýygylyk spektri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Kosmos işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garaldy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasy netijesinde adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we ýokary dünýä hukuk ölçeglerine laýyklykda amala aşyrmagyň dürli ugurlary hemişe döwletimiziň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen hem-de Konstitusiýanyň we degişli Kanunyň esasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň wezipesi döredildi. Parlamentiň maslahatynda Adalatçy ýurdumyzda adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda maglumat berdi.
Şeýle hem «Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ekstradisiýa etmek hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda», «Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara raýat awiasiýasy babatda bikanun hereketlere garşy göreşmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «Howa gämileriniň bikanun basylyp alynmagyna garşy göreşmek hakynda Konwensiýanyň üstüni ýetirýän Teswirnama goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň Mejlisiniň käbir kararlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garaldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň käbir Kararlaryna üýtgetmeler girizildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2018-nji ýyl üçin hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu möhüm hukuk resminamalaryň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçykaryjylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde goýan ägirt uly wezipelerini çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.