Türk­me­nis­tan — ÝHHG: köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk

photo

Paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da žur­na­lis­ti­ka ul­ga­myn­da bi­lim ber­me­giň gu­ra­ly­şy­nyň düýp­li esas­la­ry­na ba­gyş­la­nan iki gün­lük okuw mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. 

Okuw mas­la­ha­ty “2016 — 2020-nji ýyl­lar üçin adam hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ba­bat­da he­re­ket et­me­giň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň” düz­gün­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­me­giň çäk­le­rin­de ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň, Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň, Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň hem-de beý­le­ki pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hü­när ugur­ly bö­lüm­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­ýar­lar. 

ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny, il­çi Na­tal­ýa Drozd mag­lu­mat alyş­ma­gyň gi­ňiş­li­gi­ni ös­dür­mek, tä­ze met­bu­gat we elekt­ron ne­şir­le­ri­ni dö­ret­mek, In­ter­net ul­ga­my­na el­ýe­ter­li­gi gi­ňelt­mek, da­şa­ry ýurt­la­ryň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bi­len mag­lu­mat taý­dan gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­myz­da ge­çir­ýän sy­ýa­sa­ty bi­len bag­ly­lyk­da, okuw mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­riň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de bu ugur­da tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky Gu­ra­ma­sy bi­len köp ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn hä­si­ýe­ti bel­le­nil­di. 

Okuw­lar “Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­ma­ga umu­my çe­me­leş­me­ler”, “Pi­ki­ri er­kin be­ýan et­mek we mag­lu­mat­la­ra el­ýe­ter­li­lik”, “Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ni HBS-ini do­lan­dyr­mak we öz­baş­dak do­lan­dyr­mak” di­ýen ugur­la­ryň üçü­si­ni bir­leş­dir­di. Bu ug­ra de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­ler­men­ler — hu­kuk ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty, Be­la­rus döw­let uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka fa­kul­te­ti­niň do­sen­ti, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we Ýew­ra­zi­ýa­nyň te­le­wi­de­ni­ýe we ra­dio aka­de­mi­ýa­sy ul­ga­myn­da jem­gy­ýet­çi­lik ut­gaş­dy­ry­jy jem­gy­ýe­ti­niň ag­za­sy Na­tal­ýa Dow­nar we dür­li hal­ka­ra tas­la­ma­la­ryň, şol san­da Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de bi­ler­men­lik iş­le­rin­de uly tej­ri­be­si bo­lan Bran­ka Şes­to (Hor­wa­ti­ýa) çy­kyş et­di­ler. 

Çy­kyş eden­ler adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra ul­ga­my­nyň we mil­li me­ýil­na­ma­la­ryň he­re­ket edi­şi ba­bat­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň alyp bar­ýan ugur­la­ry­na de­giş­li iş­le­re de­gip geç­di­ler. Şeý­le hem hä­zir­ki za­ma­nyň ha­bar be­riş ul­ga­myn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň or­ny, öl­çeg­le­ri hem-de ola­ry do­lan­dyr­ma­gyň ýö­rel­ge­le­ri, şol san­da san­ly ha­bar be­riş ul­ga­my­na ge­çi­len­de te­le­wi­de­ni­ýä­niň we ra­dio­nyň, gö­ni ýaý­lym­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň hem-de beý­le­ki­le­riň eýe­le­ýän or­ny ýa­ly me­se­le­ler be­ýan edil­di. 

Ama­ly okuw­lar mag­lu­mat­la­ry al­mak ba­bat­da döw­let eda­ra­la­ry hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän beý­le­ki ta­rap­lar bi­len gat­na­şyk et­me­giň usu­ly­ýe­ti­ne ba­gyş­lan­dy. Anyk my­sal­la­ryň üs­ti bi­len žur­na­list­le­riň hü­när taý­dan özü­ni alyp bar­şy­nyň ah­lak ýö­rel­ge­le­ri, hu­kuk­la­ry we borç­la­ry açy­lyp gör­ke­zil­di.