Türkmenistan üstaşyr howa gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy berkidýär

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen howa gatnawlary babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça “Türkmenhowaýollary” gullugynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak bilen, Türkmenistan üstaşyr gatnawlarynyň dessinligini we ygtybarlylygyny halkara ölçeglere laýyklykda doly üpjün edýär. Häzir diňe paýtagtymyzyň howa menzili däl-de, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky howa menzilleri hem islendik görnüşdäki we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr.
1-nji sentýabrda ýangyç guýmak maksady bilen, Mary şäheriniň Halkara howa menziline An-225 “Mriýa” (“Antonow” awiaulag kärhanasy, Ukraina) uçary gelip gondy. Mälim bolşy ýaly, O.K.Antonow adyndaky uçar kärhanasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu howa gämisi dünýäde iň uly we ýük göterijiligi köp bolan uçardyr. Onuň hasabynda dünýä rekordlarynyň birnäçesi, şol sanda ýük göterijiligi 253,8 tonna bolan ýokary netije hem bardyr.
Şeýlelikde, häzirki döwürde Bitarap Watanymyz Ýewraziýa yklymynyň iri ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny ynamly pugtalandyrýar. Bu ýurdumyzyň aýratyn amatly geografik ýerleşişi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli ýöredýän döwlet syýasaty bilen şertlendirilendir.
Ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek şol öňdengörüjilikli strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir, bu babatda Gündogary hem-de Günbatary, Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan ýollaryň çatrygynda, ady rowaýata öwrülen, täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan örän uly mümkinçiliklere eýedir. Köpugurly multimodal üstaşyr-ulag düzümini kemala getirmek boýunça milli Liderimiziň anyk başlangyçlary şol mümkinçilikleri amala aşyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa sebitde we dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedir.
Häzir ulag ulgamy durnukly ösüşiň kesgitleýji ugurlarynyň hatarynda bolup, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gös-göni täsir edýär hem-de oňa täze mazmun we kuwwatly döredijilik itergisini berjek ählumumy geoykdysadyýetiň möhüm şertine öwrülýär. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň halkara bileleşigiň goldawyna eýe bolan netijeli teklipleriniň möhümdigi we zerurdygy aýdyňdyr. Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamalary-da şaýatlyk edýär.
Umumy ýagdaýlardan ugur almak bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr-ulag gatnawlary babatda özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şunda döwlet Baştutanymyz milli ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyny, «Gündogar — Günbatar» hem-de «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ýurdumyzyň düzüminiň has-da giňeldilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitleýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan XXI asyryň ählumumy ulag strategiýasynyň döwletleriň we sebitleriň ösüşiniň, geografik hem-de düzüm, tehniki we tehnologiýa mümkinçiliklerini birleşdirmegiň strategiýasydygyna ynam bildirýär. Iri halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol hem-de howa merkezlerine çykmak bilen, şolaryň amatly utgaşdyrylmagy we her biriniň artykmaçlyklarynyň peýdalanylmagy ulag gatnawlarynyň birleşen ulgamynyň geljegi bolup durýar. Ýurdumyz bu meselelere çemeleşmelerini kemala getirmek bilen, eýe bolan serişdelerini umumy bähbitleriň hatyrasyna doly ulanmaga çalyşýar.
Bu ugurda toplumlaýyn maksatnamalary we meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde soňky ýyllarda öz ösüşinde täze itergä eýe bolan ýurdumyzyň raýat awiasiýasyna möhüm orun berilýär. 2016-njy ýylyň sentýabrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň täze Halkara howa menzili ulanylmaga berildi. Merkezi Aziýada iri hem-de tehnologiýa üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjy bu döwrebap toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär hem-de desgalaryň 100-den gowragyny, şol sanda esasy desgalaryň 48-sini öz içine alýar. Onuň esasy we ikinji ýolagçy terminallary ýolagçylaryň ýylda 17 milliondan gowragyna ýa-da sagatda 2 müňe golaýyna hyzmat etmäge ukyplydyr. Ýük terminaly ýükleriň 200 müň tonnasyny kabul etmäge we ugratmaga ukyplydyr.
Pudagyň düzümine Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherleriniň Halkara howa menzilleri, Daşoguz şäheriniň howa menzili hem girýär, olar Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzili bilen bir hatarda, milli ulag-logistika ulgamynyň aýrylmaz halkalary bolup durýar.
Umuman, Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de radionawigasiýanyň öňdebaryjy serişdeleri bilen üpjün edilmegi netijesinde, öz mümkinçiliklerini has-da artdyrdy. Munuň özi oňa ýük göterijiligi dünýäde iň uly, asmana galan iň agyr An-225 “Mriýa” hem-de An-124 “Ruslan” ýaly uçarlary kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň fewralynda ulanmaga berlen Türkmenabadyň täze howa menzili hem häzirki döwrüň talaplaryna doly kybap gelýär.
Türkmenistanyň howa menzilleri geografik we ykdysady nukdaýnazarlardan üstaşyr howa gatnawlary üçin, şeýle hem tehniki gonuşlar hem-de uçarlara degişli hyzmatlary amala aşyrmak üçin örän amatly ýagdaýa eýedir. Munuň özi ýurtlary we yklymlary birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm halkalary hökmünde olaryň ähmiýetini artdyrýar.
Ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek boýunça tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş etmek bilen, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamyň dürli pudaklarynda başyny başlan giň gerimli taslamalaryny daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde üstünlikli amala aşyrýar. Şu ýerde Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagyny we ulanylmaga berilmegini, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan polat ýolunyň gurluşygyny aýdyň mysallar hökmünde görkezmek bolar.
“Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar” (Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman), Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lazurit”) halkara ulag geçelgelerini döretmegiň taslamalary netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzyň ulag syýasaty yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, bar bolan awtomobil ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de ýokary tizlikli, täze, döwrebap ýollaryň gurulmagyny, degişli inženerçilik-tehniki desgalaryň — demir ýol we awtomobil köprüleriniň, estakadaly aýrytlaryň hem-de beýlekileriň gurulmagyny göz öňünde tutýar.
Türkmenistan ählumumy ulag gatnaşyklarynda işjeň orny eýelemek bilen, ony çuňlaşdyrmaga, täze anyk meýilnamalar we taslamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny görkezip, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, beýleki halkara abraýly guramalar bilen has-da ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygyndan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara awtomobil ulaglary birleşmesiniň (HAUB), Ýewropa ykdysady toparynyň hem-de ESKATO-nyň tejribesi esasynda Türkiýä çykýan Merkezi Aziýa üçin Modal ýoly döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak baradaky teklibi öňe sürdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň deňiz flotuny ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýär. Şunda şu ýylyň maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi şanly waka boldy. Onuň öňdebaryjy düzümi oňat teklipler hem-de ýokary derejeli hyzmatlar arkaly port hyzmatlaryna artýan islegi kanagatlandyrmaga ýardam edýär.
Häzirki döwrüň tehnikalary bilen üpjün edilen toplum Gara deňiz ýakasyna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň döwrebap ulgamyny döretmegiň möhüm halkasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryna, sebitara we yklymara gatnaşyklara täze mümkinçilik açylýar.
Täze portuň mümkinçilikleriniň ulanylmagy ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam eder. Aslyýetinde, onuň ulanylmaga berilmegi bilen, Türkmenistanyň günbatarynda, Hazar sebitinde sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hazarara gatnawlarynyň hilini we möçberini artdyrmak üçin iri başlangyç nokady döredilýär, ulag gatnawlarynyň täze keşbi kemala gelýär diýip, milli Liderimiz belleýär.
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, onuň ekologiýa, durmuş we ynsanperwer ölçegleri ýaly düzümleri barada aýtman geçmek bolmaz. Birinji ugur barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, umumy wezipe — ykdysady bähbitleri, halkara gatnaşyklaryň ýagdaýyny ekologiýa deňagramlylygyny saklamagyň zerurlygy bilen birleşdirmekden ybaratdyr.
Ikinji ugur barada aýdylanda bolsa, onda ýük dolanyşygynyň möçberiniň artmagy, maýa goýumlary hem-de beýleki artykmaçlyklar bilen bir hatarda, bu ugurda hyzmatdaşlyk hem-de taslamalaryň amala aşyrylmagy täze iş orunlarynyň döredilmegini, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny şertlendirýär.
Üçünjiden bolsa, täze, has amatly ýollaryň peýda bolmagy adamlaryň ykjamlygyny artdyrmak, beýleki ýurtlara baryp görmek isleglerini kanagatlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa, öz nobatynda, täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagyna, dünýä halklarynyň özara ýakynlaşmagyna we düşünişmegine ýardam edýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözülmegini ugur edinýän durnukly ulag ulgamynda ýurdumyzyň alyp barýan işleri, umuman alanyňda, Bitarap Türkmenistan halkara strategiýasyna sazlaşykly goşulýar. Ýurdumyz sebit we dünýä ösüşine zerur bolan durnuklylygy hem-de ýokary, hil taýdan täze depgini bermäge ukyply üstaşyr-ulag we logistika düzümini döretmäge uly goşant goşýar.