5-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymy başlandy

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine görä, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 16-njy sentýabrda girişiler. 

31-nji awgustda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz ildeşlerimize we ekerançylarymyza ýüzlenip, türkmen pagtaçylarynyň öňünde “ak altynyň” ýetişdirilen bol hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnamak wezipesiniň durýandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz bu barada aýdyp, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän şu ýylda edermen oba zähmetkeşleriniň milli baýlygymyz bolan pagtanyň bol hasylyny ýygnap, uly üstünlikler gazanjakdyklaryna ynam bildirdi. 

Pagtaçylyk — munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatdaky milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. 

Geçen ýyl ýer eýeleri Watan harmanyna 1 million 100 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Pagtaçylarymyzyň bu üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijilere giň goldaw bermäge gönükdirilen öňdengörüjilikli oba syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp miwesidir. 

Oba hojalyk ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde bu pudagyň bäsdeşlige ukyplylygy artýar. Oba hojalygynyň häzirki zaman önümçilik we hyzmat düzümleriniň döredilmegi, ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy bu ulgamyň möhüm ugurlarydyr. Şunuň bilen bir hatarda, seçgiçilik ylmynda gowaçanyň tiz ýetişýän bol hasylly we hil taýdan ýokary süýümli täze etraplaşdyrylan görnüşlerini döretmek babatda uly işler alnyp barylýar. 

Obasenagat toplumynyň tehniki parkynyň täzelenilmegine düýpli maliýe serişdeleri goýberilýär. Şu maksat bilen döwlet tarapyndan dünýäniň esasy öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. 

2016-njy ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Şoňa laýyklykda, Oba we suw hojalyk ministrligi “John Deere International GmbH” (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýasy bilen dürli oba hojalyk tehnikasynyň 1 müň 350 birligini satyn almak barada şertnama baglaşyldy. Hususan-da, şertnamada “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlaryň 400-sini Türkmenistana tapgyrlaýyn getirmek göz öňünde tutulýar. 

Mundan başga-da, Özbegistanda Daşkendiň oba hojalyk tehnikasy zawodynda öndürilýän “MX-1,8” kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-si satyn alyndy. Şeýlelikde, daýhanlaryň zähmeti doly mehanizmleşdirildi. Pagta ýygymy ýerli toprak-howa şertlerinde meýdan synaglaryny üstünlikli geçen ýokary öndürijilikli iň täze kysymly tehnikalaryň kömegi arkaly amala aşyrylýar. 

Kärendeçiler we daýhan birleşikleri tehnika, tohum, mineral dökün, suw we hyzmatyň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär. Mundan başga-da, gowaçanyň orta we inçe süýümli hem-de ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlarynyň satyn alnyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Döwlete tabşyrylýan “ak altyn” üçin hasaplaşyklar “Daýhanbankyň” şahamçalary tarapyndan dessine amala aşyrylýar. Bular bilen birlikde, pagtaçylara borçnamadan artyk öndürilen pagta süýümini senagat taýdan işlemekden alnan süýümi, übtügi we pagta galyndysyny içerki bazarda, şol sanda daşary ýurtlara ýerlemäge ygtyýar berilýär. Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi oba hojalyk önümini öndürijileriň öz zähmetiniň netijesine gyzyklanmalaryny artdyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, sebitlerde pagta egriji — dokma toplumlary yzygiderli kemala gelýär. Bu önümçilik ähli tehnologik zynjyry çig maly gaýtadan işlemegi, pagta süýüminden ýüplügi, matalary, dürli dokma we tikin önümlerini öndürmegi öz içine alýar. Hil taýdan halkara ölçeglere doly kybap gelýän bu önümler içerki we daşarky bazarlarda ýokary islegden peýdalanýar. 

Şu ýylyň ýazynda Ahal welaýatynda her biri 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen täze senagat toplumlarynyň düýbi tutuldy. Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan kärhanalar “kompakt-penýe” kysymly nah ýüplügi, matalary hem-de taýýar tikin önümlerini öndürer. Bulary 2021-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

Şu ýyl Türkmenistanda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonnasyny, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonnasyny, Lebap welaýatynda 300 müň tonnasyny, Mary welaýatynda 313 müň tonnasyny taýýarlamak maksat edinilýär. Gowaça ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 545 müň gektara deňdir. Ýaz aýlary şol ýerlerde inçe süýümli pagtanyň “Ýolöten — 7”, “Daşoguz — 120”, “Serdar”, “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly — 4727”, “Ýolöten — 39”, “Ýolöten — 14”, “Jeýhun”, “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly — 2606” we beýleki tohumlary ekildi. 

Häzirki möwsümiň aýratynlygynyň käbir tehnologik işleriň mehanizasiýasynyň we awtomatizasiýasynyň ýokary derejesinden ybaratdygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris. Pagta ýygmakda 1 müň 76 pagta ýygyjy kombaýnlar hereket eder, ýagny munuň özi 2016-njy ýyldakydan 2,5 esse köpdür. Meýdanlara 2 müň 260-dan gowrak awtoulag, 2 müň 162 traktor hem-de pagtany daşamaga niýetlenen tirkeg traktorlarynyň 3 müň 325-si çykarylar. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýerlerde pagta ýygymyna gatnaşyjylaryň bökdençsiz işlemegi üçin ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin hyzmat etmek işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmakda ussatlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de doly bahaly dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Tehnika bilen ýygmaga girişmezden öň gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin zerur möçberde defoliant satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, şunda diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem, raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar. 

Gowaçanyň täze hasylyny kabul etmäge kärhanalaryň 156-sy hem-de pagta arassalaýjy zawodlarynyň 38-si taýýar edildi. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleri pagtanyň hiline düýpli barlagyň geçirilmegini üpjün ederler. 

Öňdebaryjy kärendeçi pagtaçylaryň, mülkdarlaryň, daýhanlaryň, kombaýnçylaryň hem-de sürüjileriň zähmetini höweslendirmek üçin 2018-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde Agrar partiýanyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary, Oba we suw hojalyk ministrligi, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, “Galkynyş”, “Nesil” hem-de “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary däbe öwrülen bäsleşigi geçirýärler. 

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň kabul ediş bölümlerine we pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altyndan” doly, döwlet baýdaklary, halylar we şygarlar bilen bezelen awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. 

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular hasylyň ýygymynyň başlanmagyna ak pata berdiler. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jan saglygyny, mähriban Watanymyzyň, eziz halkymyzyň abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler. 

Ahalteke bedewine atlanan jigitleriň ugratmagynda pagtadan doldurylan çuwallar ýüklenen düýeler “ak kerwenleriň” başyny çekip barýarlar — munuň özi türkmen halkynyň gowaça ösdürip ýetişdirmekdäki köpasyrlyk taryhynyň aýdyň beýany bolup janlanýar. 

Möwsümiň başlanmagy mynasybetli çärelere welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň bölümleriniň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryň wekilleri, öňdebaryjy agronomlar, tejribeli kombaýnçylar, sürüjiler we kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar. 

Bu dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalaryň, oba hojalygynyň gaýtadan işlenen we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatlaryň artistleri, sazandalary hem-de aýdymçylary, tans we halk döredijilik toparlary konsert bilen çykyş edip, baýramçylygyň öwüşginini artdyrdylar. Sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna — pagtanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdiren iň oňat kärendeçi pagtaçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.