Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimize BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady. Erik Stýuart türkmen tarapynyň täze başlangyçlarynyň möhümdigini belläp, bu möhüm teklipleriň dünýäniň diňe bir jemgyýetçilik-syýasy toparlary tarapyndan däl-de, işewür toparlar tarapyndan hem goldanyljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda amerikan kompaniýalary bilen deňhukuklylyk esasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň baş maksady bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalaryna ýokary baha berip, ýurdumyzyň häzirki wagtda iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny amala aşyrmak bilen, netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we işewür türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Erik Stýuart hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde Türkmenistanda daşary ýurt işewürligi üçin amatly şertleriň döredilendigini nygtap, esasy amerikan kompaniýalarynyň amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara hem-de milli ösüş maksatnamalaryna gatnaşmaga gyzyklanmasyny beýan etdi.
Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlary, ulag, aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklary, şeýle hem beýleki ugurlar bilelikdäki tagallalary jemlemek üçin ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
“Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň alyp barýan işi we döwletara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda onuň orny söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, işewürler geňeşiniň öňde boljak mejlisine gatnaşjaklaryň sanynyň garaşylanyndan has köp boljakdygy barada aýdyldy. Oňa gatnaşjaklaryň hatarynda diňe ABŞ-nyň däl, eýsem, Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň kompaniýalary hem bar. Olar maliýe dünýäsiniň örän iri banklaryny goşmak bilen, bu ulgamda dünýä işewürleriniň ýokary derejeli kompaniýalarydyr.
Bellenilişi ýaly, bu düzüm tarapyndan guralýan işewürler duşuşyklarynyň, maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň döwlet hem-de hususy toparlarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy, garaşylyşy ýaly, oňa ýurdumyzda möhüm milli taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýän iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we işewür soňky ýyllarda täze ösüşe we mazmuna eýe bolan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.