Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary: işewür we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde bu ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy, Patyşa Abdulaziz adyndaky Ylym we tehnologiýalar şäherjigine hem-de “Ad-Diriýa” taryhy şäherçesine baryp gördi. 

Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda saparynyň maksatnamasynyň baý mazmunly bolmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetli bolup durýandygyny tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem, soňky ýyllarda emele gelen gatnaşyklaryň işewür häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Düýn ýokary derejede geçirilen, resminamalaryň ençemesine gol çekmek bilen tamamlanan türkmen-saud gepleşikleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklar şol gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berer. 

Milli Liderimiziň Saud Arabystany Patyşalygynyň dürli ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryndan başga-da, saparyň birinji güni pudagara derejesinde geňeşmeler we gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary daşary syýasat edarasy, bilim ulgamy, söwda we senagat toplumy, maliýe ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, raýat awiasiýasy we beýleki ugurlar boýunça kärdeşleri bilen özara bähbitleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Şeýle hem sport we ýaşlar syýasaty, medeniýet we habarlar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Irden milli Liderimiz Er-Riýad şäheriniň Söwda-senagat edarasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Er-Riýad şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Al Mukairin Group” kompaniýalar toparynyň prezidenti Halid Bin Abdul-Aziz Al-Mukairin we bu edaranyň beýleki ýolbaşçylary garşyladylar. 

Türkmenistanyň Prezidentini binanyň ikinji gatyna çykmaga çagyrýarlar, bu ýerde ýurdumyzda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy. Dürli öwüşgine beslenen serginiň esasyny milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurly pudaklarynyň önümleri, şol sanda dokma senagatynyň, çeper halyçylygyň, senagat, gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleri düzdi.

Türkmenistanyň Milli muzeýiniň hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň muzeýiniň gymmatlyklary, şol sanda ajaýyp ahalteke bedewleri şekillendirilen owadan eserler sergä aýratyn öwüşgin berdi. Mälim bolşy ýaly, atlaryň janköýeri bolan araplar olara hormat goýýarlar. Şoňa görä-de, bu ýerde döredilen ýagdaý Saud Arabystanynyň işewürlerinde ýatdan çykmajak täsir we gyzyklanma döretdi. 

Bu ýerde türkmen zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalary, şol sanda keşbi haly eserlerinde hem beýan edilen bedewler üçin bezeg şaý-sepleriniň toplumy görkezildi. Halyçy gelin-gyzlarymyzyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, ýakynda ulanmaga berlen “Abadan haly” fabriginiň owadan göller salnan halylary Er-Riýadyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara türkmen halyçylygynyň taryhy, geçen asyrlarda söwda ýollary arkaly halylarymyzyň Eýranyň, Buharanyň, Owganystanyň iri bazarlarynyň üsti bilen Ýewropa geçişi barada gürrüň berdi. Bu bolsa şol halylaryň hakyky gelip çykan ýeri barada nädogry pikiriň ýaýramagyna täsir etdi. Emma Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halylarynyň we halyçy gelin-gyzlaryň şöhraty olara mynasyp gaýtarylyp berildi. 

Şunda bütin dünýäde milli medeni gymmatlygy wagyz etmäge uly şahsy goşant goşan döwlet Baştutanymyza uly orun degişlidir. 

Milli egin-eşikleriň äheňinde häzirki bezegçileriniň döreden panbarhatdan we ýüpekden taýýarlanan zenanlaryň ajaýyp lybaslary, ussatlyk bilen elde tikilen ýakaly däp bolan halk egin-eşigi serginiň görküni artdyran bölegine öwrüldi. Köp sanly dokma önümleriniň hatarynda Aziada — 2017-ä niýetlenip işlenip taýýarlanan sport egin-eşikleri hem bar. 

Hormatly Prezidentimiz häzir ýurdumyzda ýokary hiline beýleki ýurtlaryň ençeme sarp edijileri hem oňat baha beren ekologiýa taýdan arassa tebigy çig maldan örän köpdürli dokma önümleriniň çykarylýandygyny belledi. Mysal üçin, Türkmenistanda jinsileri hem-de jinsi matalardan taýýarlanan beýleki önümleri bütin dünýä meşhur harytlyk nyşany astynda iri daşary ýurt kompaniýalarynyň buýurmalary boýunça hem öndürýärler. 

Serginiň aýratyn bölümini neşirýat önümleri düzdi. Onda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna hormatly orun berildi. Ýurdumyzyň derman senagatynyň fitoterapiýa enjamlary “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ensiklopediýasynyň üstüni ýetiren ajaýyp görnüşe öwrüldi. 

Milli Liderimiz ýanyndaky Er-Riýadyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň ünsüni birnäçe bejeriji içgilere, süýji buýanyň toşabyna çekip, olaryň saglyk üçin peýdaly häsiýetleri, ulanmagyň usullary, ýüzärlik ýaly täsin ösümligiň türkmenlerde gadymy ynanç boýunça peýdalanylyşy barada gürrüň berdi. Gadymyýetde bejerijilik, öňüni alyjylyk häsiýeti üçin oňa ruhy täsir ediji ähmiýet berlipdir. Şuňa meňzeş dessur Saud Arabystanynyň halkynda hem bar eken. 

Sergide ýurdumyzyň täze kärhanalary tarapyndan döwrebap harytlyk görnüşinde çykarylýan mineral suwlar, bejeriş palçyklary bu baradaky gürrüňleriň dowamyna öwrüldi. Saud Arabystanynda Türkmenistanyň täsin “Mollagara” şypahanasy hem-de onuň palçygynyň düzümi boýunça Asuda deňziniň palçygyna ýakyndygy barada köp eşiden ekenler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň saglygy goraýyş ministri bolan döwründe bu iki balneologiýa merkezleriniň bejeriş palçyklaryny deňeşdirip öwrenilmegini gurandygyny gürrüň berdi. Şonuň netijesinde Mollagaranyň palçygynyň Ysraýylyň palçygyndan kem däl-de, eýsem, belli bir derejede has peýdalydygy we güýçlüdigi aýdyňlaşdyryldy. Olarda dikeldiş häsiýetli täsir has agdyklyk edýär. Halk içinde ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda Balkan welaýatyndaky bu duzly kölüň täsin aýratynlyklary barada onlarça rowaýatlaryň dörändigi tötänden däldir. 

Türkmen Lideri düýpli ulgamlaýyn bilimlere esaslanyp, serginiň ol ýa-da beýleki mowzugy barada beren gürrüňini ylmy, taryhy maglumatlar, gadymy rowaýatlar bilen delillendirdi. Bu bolsa gürrüňi örän gyzykly we manyly etdi. 

Türkmenistanyň Baştutany hem-de Er-Riýadyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary sergini gözden geçirenlerinden soň, mejlisler zalyna bardylar, bu ýerde Saud Arabystanynyň esasy işewürleri ýygnandylar. Olar ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň kuwwatyny amala aşyrmaga, işewür gatnaşyklary ýola goýmaga çemeleşmesi barada hut döwlet Baştutanynyň özünden eşitdiler. 

Duşuşygy Halid Bin Abdul-Aziz Al-Mukairin açyp, belent mertebeli myhmana Er-Riýadyň Söwda-senagat edarasyna gelip görendigi üçin hoşallyk bildirdi we saud telekeçileriniň doganlyk ýurda — Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bar bolan mümkinçilikleri amala aşyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary giňeltmäge islegiň uludygyny belledi. Ol öz çykyşynda Saud Arabystanynyň Türkmenistana möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ähmiýetli geostrategik ýagdaýy, ykdysady kuwwaty, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn derejede üstünlikli hyzmatdaşlygyň geljegi bilen şertlendirilendigini aýtdy. 

Saud Arabystanynyň ykdysady strategiýasyna deglip geçilip, hususy işewürligi goldamagyň we ösdürmegiň möhüm ugur bolup durýandygy aýdyldy. Şonuň netijesinde bu ugur ähli pudaklarda depginli ösüşe eýe boldy. Saud Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen Liderini ýokary derejede geçirilen gepleşikler bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belläp, häzirki duşuşygyň geljegi uly bolan özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny anyklaşdyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

Soňra uly hormat bilen Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary — Saud Arabystanynyň esasy kompaniýalarynyň we maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary bilen salamlaşyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyjenaby Patyşa Salman Ben Abdulaziz Al-Sauda Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanynyň gadymy we mukaddes topragynda türkmen wekiliýetine mähirli myhmansöýerligiň bildirilendigini hem-de işlemek üçin amatly şertleriň döredilendigini belledi. 

Milli Liderimiz düýn Patyşa Salman Ben Abdulaziz Al-Saud bilen netijeli duşuşygyň bolandygyny aýdyp, onuň barşynda taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm ornuň berýändigini nygtady. Şol duşuşykda Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini artdyrmak hem-de ykdysady gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini açmak maksady bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň döredilendigini belledi. Onuň nobatdaky mejlisi şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçirildi, şonda ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça täze tekliplere garaldy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza döwletleriniň 15-nji Söwda ýarmarkasynda öz sergisini görkezjekdigini habar berdi. Bu sergi ýene-de üç hepdeden Er-Riýadda geçiriler. Hormatly Prezidentimiz onuň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna oňat mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi. 

Milli Liderimiz çykyşynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň ýakyn wagtlarda gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesine çykyp biljek esasy ugurlarynyň kesgitlenendigine ünsi çekdi. 

Birinji ugur energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk bolup, bu ugurda döwlet Baştutanymyz, ilkinji nobatda, kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde göz öňünde tutulýan hyzmatdaşlygyň aýratyn ornuny belledi hem-de Saud Arabystanynyň kompaniýalaryny we maliýe institutlaryny bu taslama gatnaşmaga çagyrdy. 

Hususan-da, arap kompaniýalaryna esasy ugurlaryň üçüsi boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Olar söwda ugry boýunça – turba önümleri we gaz enjamlary bilen üpjün etmek, maliýeleşdirmek ugry boýunça karz serişdelerini bermek, Saud Arabystanynyň kompaniýalary üçin geljegi nazarlaýan maýa goýum ugry boýunça gury ýerde iň iri gaz känini özleşdirmek hem-de TOPH konsorsiumyna gatnaşmak bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň nebithimiýa we gazhimiýa senagatynda taslamalary amala aşyrmaga, nebiti we gazy gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmaga, taýýar önümleri öndürmäge we dünýä bazarynda ýerlemäge çekilmegine gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy. Gürrüň, hususan-da, polipropilen, sintetiki benzin we şuňa meňzeşler barada barýar. Gaz geçiriji ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda hem özara hereket etmek üçin uly mümkinçilik açylýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, düýn hökümetara derejesinde iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda resminama gol çekildi, Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyk kabul edildi, ýakyn geljekde bolsa ýurtlarymyzyň arasynda wiza düzgüni ýönekeýleşdiriler. Milli Liderimiz bu çäreler işewür gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga ýardam berer diýip, sözüni dowam etdi hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we goramak babatda milli kanunçylygyň dünýä ölçeglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigine hem saud işewürleriniň ünsüni çekdi. 

Ikinji ugur iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup biljek ulag ulgamydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulag ulgamy bütindünýä ykdysadyýetiniň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu pudak dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda sebitde iň iri howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny belledi. Munuň özi ulaglaryň howa, awtomobil, deňiz we demir ýol görnüşlerini utgaşdyrýan ýükleri daşamak boýunça hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer. Türkmen söwda flotunda hem sebitde iri ýük gämileri bar. Ýurdumyzda ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň taslamasy düzülýär we gurulýar, Türkmenistanyň geostrategiki ýerleşişi nazarda tutulyp, isleg bildiriljek we ykdysady taýdan bähbitli boljak logistika ulgamyny ösdürmek üçin hemme şertler döredilýär. 

Şeýle hem milli Liderimiz Demirgazyk–Günorta we Gündogar–Günbatar ugurlary boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde bilelikde netijeli işleri alyp barmak üçin, ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi hem-de Saud Arabystanynyň ulag maýa goýum kompaniýalaryny ulag pudagynda Türkmenistanyň döwlet edaralary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. 

Häzir ýurdumyz halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyna goşulyşyp, hem Ýewropa ugruna, hem Aziýa-Ýuwaş umman sebitine tarap has amatly çykalgany açmak bilen, multimodal transyklym gatnawlarynyň möhüm halkasyny döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem saud işewürlerini 2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. 

Üçünji ugur-gurluşyk materiallary senagatynda hyzmatdaşlyk bolup durýar. Saud Arabystany sement öndürmekde uly tejribesi bolan ýurtdur. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 50 milliard dollaryndan gowrak bolan iri desgalaryň iki müňe golaýynyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyz ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Şeýle hem, ýurdumyzyň uly eksport mümkinçilikleri bar. Milli Liderimiz bu şertleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda sementiniň öndürilişiniň möçberlerini has-da artdyrmagy maksat edinýändigini aýdyp, Saud Arabystanynyň belli kompaniýalaryny bu ugurda türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde iş alyp barmaga çagyrdy. 

Dördünji ugur Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň arasyndaky göni söwda gatnaşyklary bolup, olary has-da ösdürmek zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda ikitaraplaýyn eksport-import amallarynyň möçberlerini artdyrmak we özara iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça geňeşmeleri geçirmegi teklip etdi. Milli Liderimiz iki ýurtda yzygiderli esasda geçirilýän işewürler maslahatlarynyň, milli sergileriň, söwda ýarmarkalarynyň ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly ýardam etjekdigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanynyň işewür toparlary bilen şu gün geçirilen duşuşygyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda ikitaraplaýyn özara bähbitli, netijeli gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdi. 

Soňra Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet we maglumat ministri Adel bin Zaid Al Turaifi çykyş etdi. Ol hem Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki saparynyň günlerinde musulman dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýaratynyň özboluşly manysynyň bardygyny belledi. Bu bolsa ýurtlarymyzyň halklarynyň ruhy kökleriniň umumylygynyň ýene-de bir subutnamasydyr hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň girewidir diýip, ministr aýtdy we hut ynsanperwer esaslaryň adam mümkinçiligini açmak üçin şertleri döretmäge hem-de döwletlerimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygyny nygtady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saud kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň sowallaryna jogap berdi. 

Hususan-da, sowallaryň biri Türkmenistanyň gurluşyk pudagyna we onuň ösüşine degişli boldy. Milli Liderimiz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolunmagy bilen gadymy türkmen halkynyň taryhynda täze döwrüň başlanandygy baradaky gürrüňden başlady. 25 ýylyň içinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ägirt uly netijeleri gazandy. Abraýly halkara guramalarynyň bilermenleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň durnukly oňyn depgininiň saklanjakdygyny çaklaýarlar. 

Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylýan hususy ulgam Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Ine, hökümet tarapyndan ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ösdürmek üçin 100 million ABŞ dollary berildi. Häzir hususy işewürlik berkedi hem-de iri taslamalary, şol sanda gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirmäge ukyply. 

Mundan başga-da, Türkmenistanda indi diňe bir aýry-aýry desgalar gurulman, tutuş ýaşaýyş jaý toplumlary hem-de giňişleýin senagat toplumlary, şäheriň täze ýaşaýyş toplumlary, obalar we şäherçeler bina edilýär. Şoňa görä-de, gurluşyk hyzmatdaşlyk etmek üçin geljegi örän uly pudaklaryň biridir. 

Döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklaryň geljegi baradaky beýleki sowallara jogap berip, oba hojalygynda-da oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ýurdumyzda binýatlyk pudaklaryň biri bolan bu pudakda oba özgertmelerine uly üns berilýär. Ekerançylygyň gerimi giňeldilýär, däp bolan ekinlerden başga-da, olaryň örän dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin şertler döredilýär, ýyladyşhana miwe-gök önüm hojalygynyň möçberi, ýeralmasyny ýetişdirmäge bölünip berilýän meýdanlar giňeldilýär we beýleki işler alnyp barylýar. Hyzmatdaşlyk etmek üçin maldarçylyk pudagy hem şonuň ýaly tutumlydyr. Sebäbi bu pudaklar esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi, Türkmenistanyň Hökümeti bu ulgamdaky taslamalarda işewür gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de oňa daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berer. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem amatly geografiki ýerleşişiniň netijesinde halkara gatnawlary ulgamlarynda Türkmenistana möhüm baglanyşdyryjy halka bolmaga mümkinçilik berjek üstaşyr we logistika babatdaky taslamalara ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar” /Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman/ ulag geçelgesini döretmäge isleg bildirilýändigi bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz Er-Riýadyň Söwda-senagat edarasyndaky duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge itergi boljakdygyna ynam bildirdi. 

Soňra Türkmenistanyň Baştutany bu günki duşuşyga gatnaşyjylaryň hemmesi bilen surata düşdi. 

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Er-Riýadyň Söwda-senagat edarasynyň binasyndan Patyşa Abdulaziz adyndaky Ylym we tehnologiýalar şäherjigine tarap ugrady. 

Ylmy-barlaglar merkeziniň baş girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany bu ylmy-tehnologik şäherjigiň ýolbaşçysy şazada Turki Saud Mohammad Al-Saud we beýlekiler garşyladylar. 

Toplumyň çäklerinden barýarkalar, olar hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň etdiler. Türkmen Liderinden biziň ýurdumyzyň indi ikinji milli älem hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýändigini bilip, ylmy-tehnologiki şäherçäniň baştutany munuň bilelikdäki barlaglary geçirmek hem-de hemra tehnologiýalary ösdürmek ulgamynda eýýam özara gyzyklanmalary döredýändigini aýtdy. 

Türkmenistanyň Prezidentini Mejlisler zalyna geçmäge çagyrýarlar, bu ýerde milli Liderimiz hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Patyşa Abdulaziz adyndaky Ylym we tehnologiýalar şäherjiginiň döreýşiniň taryhy, maksatlary we wezipeleri, bu ýerde alnyp barylýan işler barada gürrüň berýän maglumatlar bilen tanyşdyryldy. 

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda bu ýerde dürli ugurlarda işleýän alymlaryň we hünärmenleriň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary, şäherjigiň gurluşy, onuň düzümine girýän barlaghanalar, ylmy-barlag merkezleri we beýlekiler barada habar berildi. 

Hususan-da, topluma kompýuter tehnologiýalary, elektronika, nebit we nebithimiýa, energetika, astronomiýa hem-de geofizika, kosmosy özleşdirmek we beýleki ugurlarda ýöriteleşdirilen ylmy-barlag institutlary girýär. 

Ylmy hökümet edarasy bolan Patyşa Abdulaziz adyndaky Ylym we tehnologiýalar şäherjigi (KACST) ylmy-amaly işleri goldamaga we ugrukdyrmaga gönükdirilendir. Şäherjik Patyşalygy ösdürmegiň möhüm we uzakmöhletleýin maksatlaryna laýyklykda, döwlet edaralarynyň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň işini utgaşdyrýar, ylym we tehnika babatda milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny, ýurduň senagatyny ösdürmegiň, onuň innowasion ulgamyny kemala getirmegiň, bilimlere esaslanan jemgyýeti hem-de ykdysadyýeti gurmagyň ylmy esaslaryny işläp düzmäge gatnaşýar. 

Şeýle hem KACST beýleki degişli edaralar we gyzyklanma bildirýän taraplar, işewür hyzmatdaşlar bilen bilelikde barlaglaryň ylmy netijelerini harytlyk önümine öwürmek üçin usullary işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Şäherjigiň işiniň ugurlarynyň hatarynda tehnologiýalary ilerletmäge maýa goýmak hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, intellektual eýeçilik babatda hemaýatkärlik etmek işleri bar. KACST-nyň wezipeleriniň biri pudaklary ösdürmek hem-de ylmy-barlag merkezleriň we maliýe guramalarynyň, bilim edaralarynyň, önüm öndüriji kompaniýalaryň, tehnologiýalary getirýänleriň, maslahat beriji şereketleriň we ylmy habar beriş serişdeleriniň arasynda utgaşdyrmany üpjün etmek üçin zerur bolan ylmy düzümi döretmekden ybaratdyr. KACST dünýäniň ylmy guramalarynda hem-de ýokary derejedäki duşuşyklarda Saud Arabystany Patyşalygyna wekilçilik edýän, köp ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar. 

Mundan başga-da, KACST esasy hem-de abraýly ylmy edaralary bilen, mysal üçin, Massaçusetiň tehnologik instituty, Stenford, Oksford we Kembrij uniwersitetleri, şeýle hem IBM we Boeing ýaly senagat kärhanalary bilen hyzmatdaşlykda düýpli barlaglary geçirmek üçin öňdebaryjy tejribäniň bilelikdäki merkezlerini döretdi. Bu işler milli ylmy-tehnologik we innowasion meýilnamany ýerine ýetirmäge gönükdirilip, barlaglaryň hilini ýokarlandyrmaga we milli intellektual gymmatlyklaryň gerimini giňeltmäge ýardam edýär. 

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda bu ýerde geçirilýän ylmy işleriň, şol sanda ilatyň saglygynyň hilini gowulandyrmak, suwy, howany arassalamak we zyýansyzlandyrmak babatda, şeýle hem alternatiw energetika, ilkinji nobatda, Gün energiýasy ulgamynda alnyp barylýan işleriň wajyp ugurlary bellenildi. Munuň üçin bu ýerde ýöriteleşdirilen merkez açyldy. Onuň hünärmenleri anyk netijeleri gazanmakda eýýäm ep-esli öňe gitdiler. Uçarmansyz uçýan enjamlary, hemra tehnologiýalaryny döretmek ulgamynda hem şäherçäniň öz gazanan üstünlikleri bar. Şäherçäniň ylmy-barlag alyp baryjylarynyň ygtyýarynda iň täze enjamlar, şol sanda şu ýerde işlenip taýýarlanylan enjamlar bar. 

Tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ylmy-barlaglar merkeziniň nanotehnologiýalar barlaghanasynyň işi bilen tanyşdyrdylar. Onuň wezipeleriniň hataryna senagat, saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak hem-de beýleki pudaklar üçin innowasion çözgütleri gözläp tapmak we işläp taýýarlamak, şeýle hem nanotehnologiýalar boýunça maglumatlaryň milli binýadyny döretmek işleri girýär. 

Barlaghananyň hünärmeni bu ýerde oturdylan enjamlar, çylşyrymly gurallar hem-de alnyp barylýan barlag işleriniň ugurlary barada gürrüň berýär. Energetika hem-de suw serişdeleri babatda, energiýa tygşytlaýjy yşyklandyryş ulgamlaryny, optiki, şöhle diodly we lazer enjamlaryny döretmekde nanotehnologiýalary ulanmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Nanolukmançylyk we nanobiologiýa, nanoelektronika ulgamlarynda belli bir üstünlikler gazanyldy. 

Möhüm barlaglary geçirmek üçin barlaghanada molekulýar düzümleri nanoderejede işlemäge niýetlenen iň täze serişdeleriň toplumy bar. Wajyp ugurlaryň hatarynda gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden, egsilmez ýangyç serişdelerinden energiýa öndürmek üçin nanobölekler peýdalanylýar. Şäherçede köpkristally kremniden gün batareýalarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligini özleşdirmek taslamasynyň üstünde hem işlenilýär. Ýeri gelende aýtsak, KACST-nyň ýolbaşçysy Ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar boýunça milli komitetiň başlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, suwy süýjetmek üçin Gün energiýasyny peýdalanmak boýunça komitetiň başlygy hem bolup durýar. 

Bu barlaglaryň möhümdigi Saud Arabystanynda nebite baglylygy azaltmaga gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň täze meýilnamasy bilen şertlenendir. Ýakynda “Garaýyş — 2030” diýen at bilen maksatnama yglan edildi. Onuň býujetiniň 90 göterimi “gara altynyň” eksportyna bagly bolan ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berer. Ýakyn on bäş ýyl üçin ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ykdysadyýetde syýahatçylaryň sanyny artdyrmak, söwdany ösdürmek hem-de ýurduň içinde maýa goýumlary artdyrmak göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw tolkunlary tehnologiýalarynyň esasynda suwy arassalaýan we süýjedýän enjam bilen aýratyn gyzyklandy hem-de bu ulgamda barlaglaryň wajypdygyny nygtap, bilelikdäki barlaglary alyp barmak üçin mümkinçiliklere garamagy teklip etdi. Häzirki zaman şertlerinde suwuň sarp edilişiniň yzygiderli artmagy uzakmöhletli netije bermäge ukyply bolan utgaşykly hereketleri we toplumlaýyn maksatnamalary işläp düzmegi talap edýär diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de öz gezeginde Garagumyň merkezinde döredilýän “Altyn asyr” köli barada gürrüň berdi. 

Häzirki wagtda bu ägirt uly suw desgasynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Zeýkeş akabalarynyň takyk sazlaşykly işiniň netijesinde köle ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekin meýdanlaryndan şor suwlar ýygnanýar. Bu bolsa ýerasty suwlarynyň derejesiniň peselmegine we netijede, topragyň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, oba hojalyk ekinleriň hasyllylygynyň artmagyna, Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna getirýär. 

Mundan başga-da, Garagumyň özi suw üçin oňat tebigy süzgüçdir, minerallaşdyrylan suwlary oba hojalygynda peýdalanmak üçin süýjetmek boýunça türkmen hünärmenleri tarapyndan maksatlaýyn barlaglar alnyp barylýar. Şu hem iki ýurt üçin-de şeýle möhüm bolan pudakda tejribe alyşmaga ýene-de bir sebäpdir. 

Ýer ýüzünde iň uly çölleriň biriniň merkezinde emeli kölüň döredilmegi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, bütin Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çekilen emeli derýa hem-de bu ýerde geçirilen barlaglaryň netijeleri barada gürrüň berdi. Şol barlaglar türkmen şypahanasynyň çölüň gury howasynyň deňziň ýoduň ionlaryna baý howasy bilen garyşan ýagdaýyndaky täsin mikroklimatyň emele gelendiginden habar berýär. 

Döwlet Baştutanymyz Gün energetikasy ulgamynda barlaglary geçirmegiň örän wajypdygyny belläp, biziň ýurdumyzda hem bu pudakda işläp taýýarlamalaryň we tejribeleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, hyzmatdaşlyk etmäge hem-de tejribe alyşmaga çagyrdy. 

Öz tarapyndan saud alymlary bilimleriň we ykdysadyýetiň islendik ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny aýtdylar. 

Habar berlişi ýaly, Patyşalygyň ylmy, tehnologiýalary ösdürmek hem-de serişde ugurly ykdysadyýeti bilimlere esaslanan global bäsdeşlige ukyply innowasion ulgamly ykdysadyýete öwürmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamasy bar. Patyşa Abdulaziz adyndaky ylym we tehnologiýalar şäherjiginiň işgärleri işe ruhubelentlik bilen ýapyşyp, tehnologik ugurlaryň ençemesini işläp taýýarladylar hem-de innowasiýalary ösdürmegi üpjün etmäge, täze ýokary tehnologik kärhanalary döretmäge ukyply möhüm düzümi döretdiler. Bu ugurda kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ykrar edildi. 

Kosmos we aeronawtika KACST-nyň düzümi we işgärler serişdelerini ösdürmek üçin uly möçberde maýa goýan ugurlar bolup durýar. 

Bu merkez belli bir aralykdan zondlaşdyrma, aragatnaşyk we kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen hemralaryň 13-sini gurdy we uçurdy. Geljek ýyl şeýle hemralaryň ýene ikisini uçurmak meýilleşdirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň birinji hemrasy telekommunikasion aragatnaşygy üpjün etmek niýetlenip, ikinji hemra ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň degişli buýurmalaryny nazara almak bilen dörediler hem-de halk hojalygyny ösdürmek we onuň hajatlaryny üpjün etmek wezipelerini ugur ediner. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda gatnaşyklary ýola goýmak üçin esasy ugurlar bellenildi. 

Bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň ugurlaryny gözläp tapmak bilen bagly beýleki meseleleriň hatarynda gazhimiýa senagaty görkezilip, ony ösdürmekde Türkmenistan eýýäm görnetin öňe ilerledi. Emma öňde entek özleşdirilmedik uly mümkinçilikler durýar, şonuň üçin peýdaly işläp düzmeleri we toplanan tejribäni, şeýle hem Gün energiýasyny ulanmak babatda tejribe alyşmak zerur bolup durýar. 

Milli Liderimiz KACST-nyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti bilen tanyşdyrdy we şu gün ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça beýan edilen pikirleriň hem-de teklipleriň degişli düzümleriň derejesinde jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna umyt bildirdi. 

Patyşa Abdulaziz adyndaky Ylym we tehnologiýalar şäherçesinden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Ad-Diriýa” taryhy şäherçesine tarap ugrady. Ol Er-Riýad şäheriniň ýakasynda açyk asmanyň astyndaky muzeý görnüşindedir. 

Bu ýere gelen belent mertebeli myhmany “Ad-Diriýa” taryhy muzeýiniň baş direktory Abdulla Al-Akbar we şäherçäniň beýleki ýolbaşçylary garşylaýarlar. 

Soňra türkmen Lideri Abdulla Al-Akbaryň ugratmagynda elektroulagda taryhy toplum boýunça gezelenç edip, bu gadymy şäheriň senenamasy, gözel desgalary bilen uly üns we gyzyklanma bilen tanyşýar. 

Arap ýarym adasynyň ortasynda, Er-Riýaddan demirgazyk-günbatar tarapda ýerleşen muzeýiniň ýolbaşçysynyň gürrüň berşi ýaly, Ad-Diriýa şäheri, ilkinji nobatda, sauditler neberesiniň /1744-nji ýyldan 1818-nji ýyla çenli/ ilkinji paýtagty bolandygy bilen meşhurdyr. Senenamalardaky ýazgylara görä, hut şu ýerden bu ýurduň hökümdarlarynyň gadymy nesilleri gelip çykypdyr. 

2010-njy ýylda onuň merkezi etraby bolan Et-Turaýf ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Onuň palçykdan salnan desgalary Nejda binagärlik äheňinde gurlupdyr. Bu bolsa arap ýarymadasynyň merkezi bölegine mahsusdyr hem-de geometrik keşbi bilen tapawutlanýar. 

Ad-Diriýa baradaky ilkinji maglumatlar XV asyra degişlidir. XVIII we XIX asyryň başlarynda şäheriň syýasy we dini taýdan orny artdy hem-de onuň Et-Turaýfdaky galasy dünýewi häkimiýetiň we musulman dininiň içinde özgertmeleri ýaýratmagyň merkezine öwrüldi. Häzir onuň täsin gymmatlygy köşkleriň hem-de şäher görnüşiniň galyndylarynda jemlenýär. Olar bolsa çöl şertlerinde däp bolan ynsan ýaşaýşynyň ajaýyp nusgasy bolup durýar. 1976-njy ýyldan bäri şäheriň gadymy binalary kanun tarapyndan goralýar. 

Saud Arabystanynyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Ad-Diriýa şäheriniň köne bölegini dikeltmek işleri geçirildi. Desgalaryň bir böleginiň üstünde işlenilmegi togtadyldy, beýlekiler dolulygyna ýa-da bölekleýin gaýtadan dikeldildi. Olaryň arasynda Kasr-Nasr /hamam we myhman jaý/, Saada ibn-Sauda köşgi-Saud Döwletiniň ilkinji hökümdarlarynyň resmi kabulhanasy, Burj-Faýsal diňi, Et-Turaifa gala diwarynyň uly bölegi, daşky diwarlaryň we diňleriň bölekleri, El-Zoweýhere metjidi we beýlekiler bar. Dikeldilen şäher Saud Arabystanynyň baý taryhynyň nyşany hökmünde açyk asmanyň astyndaky muzeýe öwrüldi. 

Muzeýi döretmek boýunça taslamanyň ýolbaşçysy Abdulla Al-Akbaryň gürrüň berşi ýaly, rejeleýjiler ownuk böleklere çenli täzeden dikeldilen gadymy tehnikalary peýdalanyp, palçyk bilen samany garyşdyryp, gadymy ata-babalaryň usulynda işlediler. Däp bolan gurluşyk serişdeleri hut şu ýerde taýýarlanypdyr hem-de işçiler aýratyn başarnyklary özleşdirip, işleriň barşynda ussatlygyň inçe syrlaryny ele alypdyrlar. Häzir taryhy toplumyň töwereginde seýilgäh ýaýylyp gidýär, şol ýerde Er-Riýaddyň ýaşaýjylary we myhmanlary dynç alýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beren gürrüň üçin “Ad-Diriýa” muzeýiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, oňa özüniň ahalteke bedewleri baradaky kitabyny hem-de ajaýyp türkmen halysyny sowgat gowşurdy we Abdulla Al-Akbar bilen ýadygärlik surata düşdi. 

Milli Liderimiz bu ýerden Patyşa Halida adyndaky Halkara howa menziline ugrady. Şol ýerden Jidda şäherine uçdy. 

Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde uçaryň ýanynda türkmen Liderini resmi adamlar garşyladylar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menziliniň uçuş meýdançasynda hormat garawuly nyzama düzüldi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mekge şäheriniň gubernatory, şazada Halid bin Faýsal Al Saud hem-de Saud Arabystanynyň ýokary wezipeli beýleki wekilleri we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary tüýs ýürekden garşylaýarlar. 

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden Jidda şäherinde özi üçin bellenen kabulhana — Maslahatlar köşgüne ugrady. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Mekgede ýerleşen mukaddes Käbä zyýarat etdi, munuň özi bu taryhy sapara aýratyn öwüşgin çaýdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň Saud Arabystanyna sapary dowam edýär.