«Saýatly-Hemra» dessany esasynda opera oýny goýuldy

photo

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri sahna sungatynyň muşdaklaryna «Saýatly-Hemra» dessanynyň äheňinde Aman Agajykow bilen Nurygandym Hojamuhammedowyň döreden «Saýathan» operasyny peşgeş berdiler. Librettonyň awtorlary Alty Garlyýew we Atamyrat Atabaýew.

Bu göwrümli eseriň premýerasynyň 2016-njy ýyylyň 26-njy iýunynda Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda görkezilendigini ýatlap geçýäris.

Eseri sahnalaşdyranlaryň aýtmagyna görä, bu dessanyň saýlanyp alynmagy onuň köpžanrlylygy, ýordumlara baýlygy, soňunda aşyklaryň bir-birine gowuşýandygy bilen baglanşyklydyr. Halk dessanyny esas edip alan oýun goýujylar ony döwrebaplaşdyrypdyrlar, ýordumyny häzirki zaman tomaşaçylaryan ýakyn edipdirler.

...Hemranyň düýşüne giren perişde goňşy ýurduň patyşasynyň gyzy Saýathanyň özüne mynasypdygyny habar berýär. Düýş ýigidiň erkini elinden alýar. Hemra goňşy ile gidip, şol jenany görmegiň kül-külüne düşýär. Ogluna kömek etmek islän atasy Aşyk Ahmedem onuň bilen ýola düşýär.

Olar her hili kynçylyklara sezewar bolýarlar – Saýathanyň buýrugy bilen zyndana atylýarlar. Ýöne ýigidiň söýgüsi gyzyň doň ýüregini eredýär. Hemra bilen Saýathan bir-birekden aýra düşmezlik üçin gaçmagy müwessa bilýärler. Emma Mämmetsöýün nökerleri bilen olaryň yzyndan ýetýär. Gyzy atasyna zarynlap kän ýalbarýar, ahyrsoňy Mämmetsöýüniň ýüregine rehim inýär. Dartgynly wakalaryň soňy uly toý bilen gutarýar.

-Ýurdumyzyň GDA başlyklyk edýän şu ýylynda bu esere ýüzlenmegimiz ýöne ýerden daldir – diýip oýny goýan režisýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow gürrüň berýär. –Bu eser türkmen halkynyň aýdym-saz we sahna sungatynyň ösüş ugurlary barada düşünje berýär, milli ýörelgeler, ussatlyk bilen gözlegleriň gatnaşyklary bilen tanyşdyrýar.

Biz sahna eserini birneme üýtgedip, birinji görnüşiň ýordumynda Hemranyň adaglysy Selbinyýazyň ýigidi Saýathanyň gözlegine goýbermejek bolýan ýordumyny güýçlendirdik.

Sahna eserine halk aýdymlary özboluşly röwüş berýär. Bu ugurda alnyp barlan işler barada Türkmenistanyň halk artisti Nurygandym Hojamuhammedow şeýle gürrüň berýär:

-Maňa Aman Agajykowyň eserini täze oýna uýgunlaşdyrmagy teklip edenlerinde men eseriň gurluş sazlaşygyny bozmazlyga çalyşdym. Aman Agajykowyň sazy ýeňil, sypaýy äheňlerden doly eser. Onsoň men halk aýdym-sazlaryny ussadyň inçe saz tilsimine kybap getirmäge çalyşdym.

Operanyň ýene bir aýratynlygy - oňa gatnaşýan artistlerdir. Baş keşpleri döretmäge ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan aýdymçylar çekildi. Mysal üçin, Hemranyň partiýasy Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Begdurdy Çerkezowa ynanyldy, Saýathanyň keşbini Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artisti Şirinjan Gurbanowa, Selbinyýazyň keşbini bolsa, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet darama teatrynyň artisti Gözel Annahanowa döretdiler.

Rezisýoryň olary saýlamagy işjeň döredijilik onuň gözleglerine, zehinli ýaş aýdymçylara Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew (Mämmetsöýüniň partiýasy) we Atajan Berdiýew (Aşyk Ahmediň partiýasy) ýaly opera sungatynyň ussatlarynyň ýanynda gymmatly sahna tejribesini edinmäge mümkinçilik bermek isländigine şaýatlyk edýär. Oýna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary-da gatnaşdylar.

Oýun eseriň ýordum – many göwrüminiň uludygyny nygtaýan özboluşly sahna bezegi we gahrymanlarynyň owadan lybaslary bilen tapawutlanýar.

Aşgabatly teatr muşdaklary we paýtagtymyzň myhmanlary belli dessan boýunça goýlan opera ýokary baha berdiler.