Ýyladyşhana klasteri: netijeliligiň algoritmi

photo

Daşoguz welaýatynyň telekeçileri demirgazyk sebitiň ykdysady ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Muňa şu ýylyň netijeleri hem şaýatlyk edýär. Olar senagat we oba hojalyk ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga maýa serişdelerini goýdylar, durmuş ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi, dürli ähmiýetli binalar guruldy. Olar ýetip gelýän 2020-nji ýyly hem täze telekeçilik başlangyçlary bilen garşylaýarlar.

Mysal üçin, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bir ýol» hususy kärhanasy welaýatyň alys künjekleriniň birinde pomidor ýetişdirýän täze ýyladyşhana gurýar. Munuň üçin döwlet tarapyndan S. Türkmenbaşy etrabynyň «Baýram Taganow» geňeşliginde 4 gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda konstruksiýalar gurnalaýar.

«Aman Meten» hususy kärhanasy Gubadag etrabynyň «Baýdak» geňeşliginde 5 gektar ýerde şeýle ýyladyşhana gurmaga girişdi. Ýyladyşhanalaryň ikisinem energiýa tygşytlaýjy, hili we bahasy babatda amatly, ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň jähtinden Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň köpüsinde telekeçiler gök-miwe ekinlerini ýetişdirmek boýunça ýyladyşhana hojalyklaryny gurýarlar. Döwlet tarapyndan goldaw bermek we ykdysady taýdan höweslendirmek çäreleri, şol sanda haryt öndürijilere ýerleriň uzak möhletleýin ulanylmaga berilmegi oba hojalyk pudagynyň bu ugrunyň netijeli ösdürilmegine ýardam edýär.