Nakgaşyň hem halypanyň hakyky zehini we awangard döredijiligi

...Zenan maşgala, edähedine görä, konspekt ýazyp otyr, stol üstündäki «çigildemşekil» çyra onuň iş ýerini ýagtyldyp, mugallymanyň dykgatly ýüzüne röwüş çaýýar. Bir top depder, kitaplar, sowap giden çaýly bulgur, äýnek gaby ýaly iş otagy üçin adaty, ýöne nakgaşyň duýgylarydyr fantaziýasynyň narynç-malina-ametist reňkler bilen birleşdirilen zatlary Enä bagyşlanan impressionistik suratyň üýtgeşik ýordumynda jemlenipdir...

Geçen ýylyň ahyrynda men Täçjemal Gylyçdurdyýewanyň işleriniň sergisine baryp görüpdüm. Abstraksiýa usulynda çekilen suratlaryň onlarçasy daş-töwerege üýtgeşik awtorlyk garaýýşy hem-de galyba girmeýän žiwopisçilik oýlanyşy bilen geň gadyrýardy we haýran edýärdi.

Häzirki Täçjemalyň üçünji özbaşdak sergisi. Çeperçilik galareýasynda bolan ilkinji sergisini 5-nji ýyl talyby aradan çykan kakasyna bagyşlapdy. Täçjemalyň ýatdan çeken kakasynyň portreti sergide esasy orun tutupdy, onda goýlan işleriň ählisi, şol sanda manzarlardyr natýurmortlar-da haýsydyr bir ýol bilen özüne mähriban adamyň keşbini şöhlelendirýärdi.

Täçjemal saýlap alan ugrundan başdan-aýak ähli bilim tapgyrlaryny geçdi – ol Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde, ýörüte orta hünär mekdebinde, Çeperçilik akademiýasynda bilim aldy. Ol çagalykdan surat çekmegi halaýardy, multipikator bolmagy arzuw edýärdi. Täçjemal surat çekende özüni bagtly duýýandyugyny aňdy. Ol heniz üçünji synpda okaýan döwri milli döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, ilkinji baýragyna mynasyp bolupdy. Şondan iki ýyldan soň Çagalar çeperçilik mekdebine okuwa giripdi...

-Häzire çenli ençeme baýraga mynasyp bolsamam, özüm üçin iň gymmatlysy – ahal-teke bedewiniň iň gowy keşbi üçin 1-nji orna düşmegim iň uly üstünligimdir, şondaky şatlygyma kakamam goşulypdy – diýip Täçjemal gürrüň berýär.

Žiwopis özüne žanrlaryň we tilsimleriň ençemesini birleşdirýär. Täçjemalam ýaşlyga mahsus dürli tilsimleri synap görmäge hyjuwy we yhlasy bilen realizm, akademizm, miniatýura žiwopisi, grafika, kompýuter grafikasy ýaly ugurlaryň ençemesinde özüni synap, ahyrsoňy abstraksionizme geldi.

Paýtagymyzyň sergi merkezinde guralan ikinji sergisini Täçjemal ejesine bagyşlady.

-Ejem mekdepde 40 ýyldan gowrak mugallym bolup işledi. Agşamlaryna ol stol başyna geçip, konspekt ýazardy. Men ony şol keşpde hem şekillendirdim – dýip Täçjemal gürrüň berýär.

Şol döwürde Täçjemal bahar aýlary gülälekler, melewşe jümjümeler we şemala ygşyldaşýan näzik çopantelpekler bezeýän al-elwan gülli baýyrlarda, türkmen paýtagtynyň owadan dag eteginde ýerleşýän Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde işleýärdi... Olardan galan täsirleri onuň ejesine bagyşlan sergisinde görkezilen nepis güllerden ybarat natrýurmortlar tapgyrynda öz beýanyny tapypdy. Ejesiniň portretini çekende onuň ýalpykdyly giňişlik döredýän gülleriň ýiti reňklerini we çeper çotga tilsimlerini ulanmagy tötänden däldi.

-2015-nji ýylda maňa Ýelabugada (Tatarystan, Russiýa Federasiýasy) geçirilen we 45 ýurtdan nakgaşalary birleşdiren «Beýik Ýüpek ýoly» atly X Halkara art-simpoziumyna gatnaşmak miýesser etdi. Men oňa «Garagum çöli» we «Kerwensaraý» atly iki işimi hödürledim. Žiwopis estetikasy barada düşünjelerimiň çägini giňelden dürli ýurtlardan gelen kärdeşlerimiň işleri bilen tanyşmagym maňa güýçli täsir etdi.

Şol döwürde eýýäm men awangard sungat, ýagny geometrik figuralaryň reňklenen giňişliginiň utgaşygy bolan suprematizme imrigipdim. Ýeri gelende, şu žanrdan çeken suratlar tapgyryny Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen sergide tomaşaçylara teklip edenligimi-de aýtmalydyryn.

Suprematizm žanry mugallymçylygymda hem meniň üçin giň mümkinçilikleri açdy: häzirki wagtda men poligrafiýa tehnikumynyň talyplaryna dizaýnyň esaslaryndan sapak berýärin.

Häzirlikçe abstraksionizm meniň döredijiligmde esasy orun tutýar. Tomaşaçynyň ýordumynda pikirleriň ugruny, inçe duýgylary, dünýägaraýşymy ýa-da duýgylaryň urgusyny aňmak üçin suratlaryň öňünde köp wagt eglenseler begenýärin. Belki, wagtyň geçmegi bilen meniň häzirki zaman sungatyna we ondaky öz ornuma garaýşym üýtgär, men hem özümde döredijiligimiň täze ugruny açaryn...