Akwarel suratlary däp-dessurlar barada: ýaşajyk žiwopisçileriň bäsleşigi

... Düýe ýüňünden dokalan saçakda küýze, ullakan tabak we agaç susak, olaryň töwereginde almalardyr limonlar ýaýrap ýatyr – ýaşajyk žiwopisçileriň 40-sy gadymy gap-gaçlary we miweleri şekillendiripdirler. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň atrium-zaly üç sagatlap çagalar çeperçilik studiýasyna öwrüldi. Bäsleşige gatnaşýanlar şol wagtyň dowamynda akwarelde natýurmort çekmelidi.

Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň guran bäsleşigine paýtagtymyzda ýerleşýän ýörüteleşdirilen mekdepleriň dördüsiniň – Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň, 2-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň, şeýle hem 6-njy we 7-nji Çagalar çeperçilik mekdepleriniň hersinden 10 adam gatnaşdy.

Çagalar wagt ýitirmän natýurtmort döretmäge girişdiler – ilki galamda geljekki suratyň sudury çekilýär, soňra akwarel bilen kompozisiýa dinamika, reňk, öwüşgin we göwrüm berilýär, özem ony üç sagatda çekip gutarmalydy – bäsleşige gatnaşanlaryň öňünde şeýle wezipe goýlupdy, olar üçin wagt çalt geçýärdi. Çagalaryň mugallymlary üçin tolgundyryjy bu wagt gutarmajak ýalydy.

-Men Perhat Aşyrmyradowa uly umyt bildirýärin – diýip Bäşim Nuraly adyndaky mekdebiň müdiri Güljemile Amanowa gürrüň berýär. – Ol sungatyň mental esaslaryny inçeden duýýan we çeken zadyna «ruh» berip bilýän doga zehinli žiwopisçi.

-Men-ä Reýhan Atdaýewa ýeňiş gazanar diýýärin: ol akwarel tehnikasyny gowy bilýär - diýip 7-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Myrat Hojanyýazow gürrüňe goşulýar.

6-njy Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gülşirin Hajymyradowa geçen bäsleşikde baýrakly orun alan Kerwen Hanowa umyt baglaýardy.

2-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiri wezipesine ýaňy-ýakynda girişen Gurbanmuhammet Saryýew çagalardan belli birini agzap oturmady-da, okuwçylarynyň haýsy ýeňse-de begenjekdigini aýtdy.

Mugallymlar bilen bile bäsleşige gatnaşýanlaryň molbertlerine syn edýäris – olaryň käbiri suratyny tamamlap barýar, beýlekisi reňk berip başlapdyr. Gyzjagazlaryň biri bolsa entek käse çekmäni, küýzä reňk berip ugrapdyr – ol, belki wagtynyň çäklidigini ýatdan çykarandyr, belki-de bu onuň awtorlyk ýörelgesidir... Ýeri gelende, bäsleşikden öň çagalar bilen žiwopis eserlerini çalt çekmek boýunça sapak geçilendigenm aýtmak gerek.

Ine, üç sagadam geçip gitdi. Eminler toparynyň başlygy – Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Saparmämmet Meredow natýurmortlara siňňin syn edýär. Garaşylmaýan üýtgeşiklik bolmady-- Bäşim Nuraly adyndaky mekdebiň okuwçysy Perhat Aşyrmyradow ýeňiji diýlip yglan edilýär.

Kerim Nuryýew (Bäşim Nuraly adyndaky mekdepden) bilen Aýsoltan Garagoçewa (6-njy Çagalar çeperçilik mekdebinden) ikinji ýeri paýlaşdylar. Çagalaryň üçüsi bürünç baýraga mynasyp boldular, bäsleşige gatnaşan beýleki ýaşajyk žiwopisçilere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

-Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Çeperçilik akademiýasynyň guraýan bäsleşiklerine gatnaşmagy çagalaryň göwnüni galkyndyrýar, döredijilik taýdan ösmeklerine itergi berýär we olaryň mümkinçiligini açmaga ýardam edýär. Biz hem okuwçylarymyza şeýle mümkinçilik döredýändigimize begenýäris – diýip Güljemile Amanowa söhbetdeşligimizde belledi.

Çagalaryň işleri bilen dost-ýarlary we hossarlary tanyşýarlar, ussat nakgaşlar olara baha berýärler, belliklerini aýdýarlar we degerli maslahat berýärler. Žiwopis sungatynyň ösmegi, onuň stilistika taýdan baýlaşmagy, , täzeliklere höwesek we synaglara hyjuwly özbolly milli žiwopis mekdebiniň iň gowy ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi jähtinden ussatlar nesliniň gatnaşyklarynyň ähmiýeti ulydyr.