Ylma daýanmak — Türkmenistany innowasion taýdan ösdürmegiň ugry

Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýan möhüm wezipesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan döwlet gurluşy konsepsiýalarynda, milli ösüş maksatnamalarynda netijeli tehnologiýalar bilen birleşen düýpli nazaryýet bilimlerine hem-de giňişleýin iş tejribesine esaslanan ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion ugruna möhüm orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, innowasion ykdysadyýet — bu aslyýetinde, ähli ykdysady özgertmeleri we pudaklary hil taýdan üznüksiz täzelemäge goýulýan maýadyr. Amaly maksatlary, senagat innowasion toparlary we netijeli maksatlaryň, teklipleriň, taslamalaryň «inkubatorlary» hökmünde tehnologik merkezleri ugur edinýän ylmy-barlag edaralary şeýle ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Kanunlary milli ylmy ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde Ylymlar akademiýasynyň ornuny giňeltmek, ylmy gazanylanlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag edaralarynyň işini toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýyldan başlap, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralaryny bölümlere tapgyrlaýyn bölmek bilen bir hatarda, üç ýylyň dowamynda olary Döwlet býujetinden maliýeleşdirmekligi bes etmek bellenildi.

Şol resminama laýyklykda, ylmy-barlag işlerini alyp barýan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň edaralaryna öz çykdajylaryny maliýeleşdirmek üçin alan girdejisini peýdalanmaga rugsat berilýär.

Ylmy edaralary bazar şertlerine uýgunlaşdyrmak, şol sanda olaryň guramaçylyk görnüşini hojalyk hasaplaşygyndaky edaralara öwürmek zähmet, maliýe, maddy serişdeleri has netijeli peýdalanmaga, işewürler we maýadarlar bilen özara gatnaşyklary saklamaga, ylmy, taslama, inžener-tehnologik işleri diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ilkinjileriniň biri bolup, doly hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Täze düzüme laýyklykda, institutyň bölümleri barlaghanalaryň 4-sini we bölümleriň 4-sini öz içine alýar. Olar buýurmalary we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna öz-özüni maliýeleşdirer.

Institut hojalyk hasaplaşygyna baryp, 2014-nji ýylda bölekleýin geçdi. Şonda hojalyk-şertnamalaýyn esasda ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdejiniň möçberi 1 million manada deň boldy. 2019-njy ýylda bu görkeziji 4 million 365 müň manada çenli artdy. Munuň özi edaranyň öz-özüni maliýeleşdirmäge geçmeginde aýdyň ösüş gazanandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan mineral çig malyň dürli görnüşlerine, tebigy gazyň, gaz kondensatlarynyň, nebitiň uly gorlaryna eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mineral duzlaryny, ýerasty minerallaşan ýodbromly suwlary, tebigy kükürdi, bentonitleri we beýleki gazylyp alynýan zatlary çykarmagy himiýa taýdan gaýtadan işlemegi döwletimiziň halk hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty himiýa babatda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirýän ýeke-täk edara bolup durýar. Ol mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny döretmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri we himiýa senagaty üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça köpugurly işleri alyp barýar.

Häzir institutda kandidatlaryň 13-si we ylymlaryň doktorlarynyň 2-si, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bir agza-habarçysy zähmet çekýärler. Onuň işläp gelýän döwründe kandidatlaryň 145-e golaýy we ylymlaryň doktorlarynyň 13-si taýýarlanyldy.

Häzire çenli Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ylmy makalalaryň 1450-den gowragy, monografiýalaryň 18-si, kitaplaryň 35-si çap edildi. Awtorlyk şahadatnamalarynyň we patentleriň 130-dan gowragy alyndy. Olarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahat berşi ýaly, ýerli çig malyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna esaslanan ykdysady taýdan netijeli işleriň önümçilige ornaşdyrylmagyna üns berildi.

Institut tarapyndan nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, gidromineral çig malyň himiýa düzümini we fizika-himiýa häsiýetlerini öwrenmek, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, ekologiýa meselelerini çözmek boýunça barlag işleri geçirilýär.

Bu ýerde alymlar diňe bir arassa ylmy wezipeleri çözmän, öz işläp taýýarlamalaryny senagat kärhanalarynda üstünlikli ulanýarlar.

Ine, «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginde ýokary arassalygy bolan epsomiti almagyň tehnologiýasy ornaşdyryldy. «Guwlyduz» kombinatynda azyklyk duzy ýodlaşdyrýan enjam oturdyldy. «Hazar» himiýa zawodynda himiýaçy alymlar tarapyndan işlenip taýýarlanylan gipohlorid kalsiniň önümçilik tehnologiýasy indi ençeme ýyl bäri işleýär. Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda organiki mineral dökünleriň önümçiligi özleşdirildi. «Maryazot» önümçilik birleşiginde institutyň hünärmenleri bilen kalsiý goşulan sodanyň we koagulýantyň (demir sulfaty) önümçilik tehnologiýasy ornaşdyyldy.

Alymlaryň gidrohimiki barlaglarynyň esasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we «Sarygamyş» kölüniň ekologiýa ýagdaýy öwrenildi, zeýkeş akaba suwlarynyň topragy şorlatmagyna baha berildi. Aşgabadyň topragynyň, suwunyň hem-de howa gurşawynyň ekologiýa ýagdaýyny öwrenmek boýunça işler dowam edýär, ýaglaryň, himiki serişdeleriň, nebit önümleriniň, dökünleriň dürli görnüşlerine we beýlekilere seljerme berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň önümçilik bilen aýrylmaz arabaglanyşyklydygyny nygtap, akademiki jemgyýetçiligi halk hojalyk toplumynyň iş ýüzündäki wezipelere gönükdirýär.

Himiýaçy alymlaryň köp ylmy işläp taýýarlamalary diňe bir himiýa pudagynda däl, eýsem, Türkmenistanyň beýleki senagat pudaklarynda: nebit, gaz, energetika pudaklarynda, gurluşyk senagatynda ornaşdyryldy we ulanylýar.

Institutyň ýaş işgärleriniň Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigine gatnaşmagy ylmy-barlag işlerine olaryň işjeň çekilýändiginiň mysaly bolup durýar. Täze adsorbenti halk hojalyk toplumynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem tebigy gazy goşundylardan arassalamak üçin ulanmak maksady bilen, şu ýyl Himiýa institutyndan şalynyň harpygyndan aktiwirlenen kömür almagyň usulyýetini işläp taýýarlamak boýunça iş hödürlenildi.

Institut ýokary tehnologiýaly ylmy hem-de barlaghana enjamlaryny esasy öndürijiler bilen halkara hyzmatdaşlygy hem ösdürýär. «Tokyo Boeki» ýapon kompaniýasynyň hünärmenleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly teleköprüler geçirilýär. Şolaryň dowamynda edaranyň mundan beýläkki ylmy-barlag işlerinde barlaghana enjamlarynyň iň täze görnüşlerini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu edaranyň ygtyýarynda elektron mikroskoplar, hromatograflar, ýadro-magnit täsirlenmesi bolan abzallar hem-de beýlekiler bolup, şolaryň kömegi bilen maddanyň element seljermesini geçirmek, onuň himiki gurluşyny kesgitlemek mümkin.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleriniň kalby uly höwesden we maksatdan doly. Ýaş alymlar we inženerler öz tejribeli halypalary bolan ylymlaryň doktorlarynyň we kandidatlarynyň maslahatlaryna eýerýärler.

Ylmy barlaglaryň özüni ödemegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylmynyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşmagy üçin ylym ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolup, instituta sowatly guramaçylykly menejmende ýardam berýär. Çünki dogry gurnalan marketing strategiýasy depginli ýokarlanýan maliýe görkezijilerini gazanmaga mümkinçilik berýär.

Ylmy-barlag edaralaryň hojalyk hasaplaşygyna geçmegi aýry-aýry institutlaryň işiniň netijelerine oňyn täsir etmek bilen birlikde, ýurdumyzyň makroykdysady derejesinde, hususan-da, usulyýet-statistiki ugurlardaky maksada eýerýär. Olar ylym ulgamy tarapyndan öndürilýän önümleriň nyrhyna bahasynyň zerurlygynda jemlenýär.

Däp bolan usulyýete laýyklykda, nyrhlar önümiň fiziki taýdan özgermeginde bolup geçýän pudaklarda: önümçilik pudaklarynda (onuň döredilmegi), ulag pudaklarynda (onuň fiziki taýdan ondan-oňa iberilmegi) we ş.m. emele gelýär diýip hasaplanýardy. Degişlilikde, beýleki pudaklaryň önümleri ýurduň milli girdejisi hasaplanylanda göz öňünde tutulmaýardy.

Ylmy guramalaryň önümini haryda öwürmek bilen ylalaşylan bahanyň kömegi bilen onuň nyrhyna baha bermäge mümkinçilik döreýär, şeýlelikde, ýurduň milli girdejisiniň derejesinde onuň hasaba alynmagyna ýagdaý döreýär.

Ikinjiden, ylmy guramalaryň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi hem-de öz-özüni maliýeleşdirmegi ylmy guramalaryň maddy taýdan üpjün edilmegine we maddy jogapkärçiligini aňladýar.

Bazar ykdysady şertlerinde olaryň serişdeler bilen üpjün edilmegi olaryň baglaşylan şertnamalar boýunça alýan serişdeleriniň möçberi bilen gönüden-göni arabaglanyşykly bolar hem-de hojalyk hasaplaşygynyň esasynda goýlan ýörelgelere laýyklykda, şeýle şertnamalaryň ylmy gurama tarapyndan diňe ýerine ýetirilmek mümkinçiligi bilen çäklendirilýärdi.

Häzirki wagtda ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly ösmegi we hemmetaraplaýyn rowaçlanmagy mümkin däldir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu çagyryşyna milli ylmy mekdep halk hojalyk toplumynyň hemme pudaklaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, öňdebaryjy dünýä tejribesini, şol sanda bazar gurallaryny netijeli peýdalanmak babatda hem dünýä tejribesini özleşdirmek boýunça möhüm wezipeleri çözmek bilen mynasyp jogap bermäge çalyşýar.