Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş maksadynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly döredilen ýokary maglumat tehnologiýalary we ösüşiň monitoringi boýunça iş toparynyň nobatdaky onlaýn tertibindäki duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän milli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maksatnamalarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna elektron resminama dolanyşygynyň, häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere üns berildi. Şeýle hem döwlet dolandyrylyşy, saglygy goraýyş, bilim, hukuk, maliýe we durmuş ulgamy, daşky gurşawy goramak, medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly möhüm pudaklaryň işiniň kämilleşdirilmegi barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, şunuň ýaly giň möçberli işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda ähli ugurlary öz içine alýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýar.

BMG ÖM, ÝUNISEF, ÝUNFPA we BSGG hem-de BMG-niň beýleki agentlikleriniň goldaw bermeklerinde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we halkara hyzmatdaşlygynyň tekliplerini peýdalanmak arkaly «2030-yň Gün tertibinde» kesgitlenen umumy wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.