Ylym adamlary: kitaplar dünýäsiniň Adamy

oňky ýarym asyrda Türkmenistanda kitaphana işiniň medeniýetindäki düýpli özgertmeleriň ählisi bu adamyň ady bilen baglanşykly. Baryp sowetler döwri türkmen halkynyň taryhy geçmişi, hususan-da pederlerimiziň gadymy we orta asyr hat ýazuw hem-de kitap medeniýeti bilen baglanşykly tutuş meseleler ulgamynyň daşyndaky unudylma berk diwaryny böwsen, bu medeniýetiň gözbaşy hökmünde Awesta üns beren, arap elipbisindäki ýok saýylan türkmen daşbasma kitaplaryny gaýtaryp beren batyrgaý taryhçy Almaz Berdiýewiç Ýazberdiýewdir.
Kitap öwreniji uly alym, kitaphanaşynas we Orta Aziýanyň bibliografy, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Almaz Ýazberdiýewiň aslam üýtgeşik maşgaladan. Onuň babasy Sary ahun XIX asyrda beýik şahyr Magtymgulynyň dogduk ilinde – Günbatar Köpetdagyň jülgelerinde az sanly bilimli adamlaryň biridi. Çendir derýasynyň jülgesindäki oba mekdebinde sowat alandan soň ol bilimini Buhara we Hywa medreselerinde dowam edýär, ahun derejesine ýetensoň bolsa Türkmenistanyň demirgazygyndaky Keýigoý obasynda (häzirki Daşoguz welaýatynyň Akdepe etraby) mekan tutup, bu ýerde mekdep açýar we çagalara bilim-sowat berýär. Pahsa diwarlary ХХ asyryň ahyryna çenli saklanyp galan bu mekdepde onuň toplan kitaplarynyň ençemesi bolupdyr.
Şondan ençeme ýyl geçensoň şu obada oniň agtygy Almaz dünýä inýär, okamagy juda ir öwrenip, ol mekdep kitaphanasyndaky kitaplaryň ählisini diýen ýaly okaýar. Onuň özüniň aýtmagyna görä, ol orta mekdebi tamamlandan soň baryp 1956-njy ýylda ilkinji gezek Aşgabada gelende tötänden kitap sergisini görenden ömrüni kitaplara bagyşlamagy höwes edýär.
Aşgabadyň medeni-aň bilim tehnikumynda iki ýyl okandan soň Almazy Moskwa döwlet medeniýet institutyna kabul edýärler. Şol ýerde ol diňe bir ýörite derslerden – kitap öwrenişden, kitaphana işlerini öwrenişden we bibliogarfiýa öwrenişden däl, eýsem taryhdan, edebiýatdan, filosofiýadan düýpli bilim alýar. Heniz talyp ýyllary onda döredijilige höwes döreýär. Diplom alandan soň Almaz Ýazberdiýewi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasyna işe ugradýarlar. Şondan bärem onuň ömri şu kitaphana bilen bagly.
Onuň zähmet depderçesinde bary-ýogy bäş ýazgy bar: 1963-nji ýyl – baş bibliograf, 1965-nji ýyl – ylmy-bibliografiýa bölüminiň müdiri, 1967-nji ýyl – direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary, 1973-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli – 44 ýyllap – arasyny üzmän kitaphana direktory! 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan bäri bolsa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphana öwreniş we bibliografiýa fakultetinde sapak berýär. Onuň terjimehalynyň şeýle gysga setirleriniň aňyrsynda ýolbaşçynyň, ozaly bilen, kitaby söýýän we olara tutuş durky bilen berlen köpugurly alymyň gündelik işi ýatyr.
1974-nji ýylda Ýazberdiýew kandidatlyk dissertasiýasynyň esasynda « XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň birinji çärýeginde Orta Aziýa halklarynyň milli neşirini bibliografiýalaşdyrmagyň taryhyndan» ady bilen ilkinji ylmy işini çap etdi. Şol döwürde arap elipbisinde neşir edilen türkmen kitapalry onuň ylmy barlaglarynyň esasy temasy bolupdy. Geçen asyrda Orta Aziýanyň, Powolžýäniň, Demirgazyk Kawkazyň we Krymyň halklary öz ýazuw ulgamlaryny dört gezek çalyşmaly bolupdylar.
Mälim bolşy ýaly, irki orta asyrlardan bäri ulanylyp gelnen arap elipbisini 1927-nji ýylda latyn elipbisine çalyşdylar, 1940-njy ýylda bolsa oňa derek kirill elipbisini girizdiler, 1991-nji ýyldan soň ýene-de latyn elipbisine gaýdylyp gelinýär. Netijede bu sebitleriň täze nesli öz milli dillerinde hemmä düşnükli arabyda ýazan pederleriniň ruhy mirasyndan tutuşlygyna aýry boldular.
Şol sebäplem täze şertlerde arap elipbisinde ýazylan kitaplar diňe arapçany bilýan az sanly alymlar we edebiýaty öwrenijiler üçin elýeterli bolup galdy, köpçüligiň aňynda bolsa 1917-nji ýylyň ynkylabyndan öň türkmen dilinde hiç hili neşir edilen kitap bolmandyr diýen düşünje kemala geldi. Almaz Ýazberdiýew öz işleri bilen bu toslamany ýalana çykardy. Ol Kazanda, Stambulda, Töwrüzde, Lahorda, Peşewarda, Daşkentde, Samarkantda, Buharada we beýleki ilkinji çaphanalar peýda bolan şäherlerde asyl nusgasynda neşir edilen türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň ýüzlerçesini gözläp tapdy hem-de olary ýazyp beýan etdi. Türkmenlerden sowatlylary XIX asyrda we XX asyryň başynda şol kitaplardan peýdalanypdyrlar, käbir gyt kitaplar häli-häzire çenli saklanyp galypdyr.
«Arap elipbisinde ýazylan türkmen kitaplary barada maglumatlary ýygnamaga ummasyz zähmet siňdirmeli boldy – diýip Almaz aga gürrüň berýär. – Seneler boýunça görkezijileri düzenimde, oňa özümdäki maglumatlaryň diňe ondan bir bölegini goşmaly boldum, çünki eserleriň köpüsiniň dini häsiýetli we sopyçylyk ýoluna degişli bolandygy sebäpli sowetler döwri olary senzura gadagan edipdi. Degişli ylmy oçerkli görkeziji 1981-nji ýylda «Arap grafikasyndaky türkmen kitaplary» ady bilen çap edildi. Onda 1917-nji ýyla çenli çykan kitaplardan diňe 211-si görkezilipdi. Munuň özem ençeme ýyllap olaryň asla bolanlygy inkär edilenden soň ýokdan ýagşydy».
Awtoryň garaşyşynyň tersine, bu görkeziji diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem onuň çäklerinden daşda hem uly seslenme döretdi. Bir ýarym müň nusgalykda çap edilen kitap dessine satyldy. Kärdeşleri Almaz Ýazberdiýewiň işine ylmy edermenlik diýip baha berdiler. Neşire diňe oňyn baha berilse-de, ol işiniň nähili kemliginiň bardygyny we onuň degerli sebäplerini ilden gowy bilýärdi.
Şondan ýigrimi ýyldan soň ýagdaý üýtgäp, A. Ýazberdiýew ýene-de daşbasma türkmen kitaplaryny, bu gezek düýpli gözläp ugrady. Netijede türkmen dilinde «Gündogar metbugatçylygy we köne türkmen basma kitaplary» atly täze düýpli iş peýda boldy. Onda 1917-nji ýyla çenli hasaba alnan türkmen kitaplarynyň sany 1981-nji ýyldaky görkezijidäkiden ýedi esse artyp, 211-e derek 1289-a ýetdi.
A.Ýazberdiýew öz işiniň mysalynda häzirki wagtda nähili kyn bolsa-da, arap elipbisindäki milli neşirleriň sanawyny düzüp beýan etmegiň çözülip bojak meseledigini ynamly subut etdi. Özbegistanda, Tajigistanda, Gyrgyzystanda, Tatarystanda, Başgyrdystanda we belli bir derejede Gazagystanda ol entek çözülmeli mesele.
1993-nji ýylda A. Ýazberdiýew «Ynkylapdan öňki Türkmenistanda neşiýat işi» atly monografiýasyny çap etdi. Alym onda 1886-1917-nji ýyllarda ozalky Zakaspiý oblastynda neşir edilen 268 kitap we gazet-žurnallaryň 29-sy barada maglumat getirýär.
Indi 30 ýyl bäri alym sebitimiziň halklarynyň dokumental maglumatlar esasynda yzarlanýan ýazuw ýadygärliklerini we kitaplarynyň taryhyny öwrenýär. Ol bu ugurdaky barlaglaryny birnäçe kitapda jemledi. Ozaly bilen, ol 1995-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda «Gadymy Orta Aziýada kitap işi (Yslam dininden öňki döwür)» ady bilen neşir edilen monografiýadyr. Mundan başga-da, A. Ýazberdiýew türkmen dilinde Parfiýa döwletiniň ýazuw ýadygärliklerine, zoroastriýalylaryň mukaddes kitaby bolan Awestanyň tekstlerine bagyşlanan makalalaryň birnäçesini çap etdi. Alym Awestanyň möhüm bölekleriniň birini --«Widewdaty» türkmençä terjime etdi. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginde aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi.
Ol kitap işi boýunça ylmy işleriň we aýry-aýry çeşmeleriň ençemesini iňlisçeden türkmen we rus dillerine terjime etdi. Onuň öz eserleri Angliýada, Eýranda, Pakistanda, Italiýada, Türkiýede terjimelerde neşir edildi, 20 ýyl töweregi mundan ozal bolsa Moskwada onuň «Köne türkmen basma kitaplary» atly ylmy monografiýasy çap edildi, onda 1802-nji ýyldan 1917-nji ýyllara çenli Russiýa imperiýasynda we goňşy musulman ýurtlarda arap elipbisinde türkmen awtorlarynyň asyl nusgada çap edilen eserleriniň taryhy yzarlanýar. Soňrak bu kitap Eýranda pars dilinde çap edildi.
Golaýda bolsa Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy Almaz Ýazberdiýewiň ýene üç kitabyny çykardy: olaryň ikisi Merwiň we Köneürgenjiň orta asyrlar taryhyna bagyşlanypdyr, üçünjisi bolsa Türkmenistanda kitaphana işi boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitabydyr.
Köp babatda onuň işlerine «ilkinji» sözüni ulansa bolar. Ol ilkinji bolup gadymýetde we orta asyrlarda Orta Aziýada kitap işiniň döreýşiniň hem-de ösüşiniň taryhynyň meselelerini öwrendi. Ilkinji gezek sebitimizde kitap medeniýetiniň taryhynyň kitap we kitap işiniň taryhynyň çeşmeleýin binýadyny giňişleýin hem düýpli işläp taýýarlady, Ahemenidlerden başlap Horezm şalaryna we Beýik Sekjuklara çenli her bir uly taryhy döwürde onuň ösüşiniň içki kanunalaýyklyklaryny hem-de esasy ýörelgelerini açyp görkezdi. Ilkinji gezek resmi maglumatlara daýanyp, arap elipbisindäki ilkinji Orta Aziýa kitabynyň peýda bolan wagty kesgitlenildi. Ilkinji bolup gadymy türki kitaplaryň kitap repertuaryny dikeltmäge şowly synanşyk etdi. Ilkinji gezek XIX asyr we XX asyryň başynda köne türkmen basma kitaplarynyň taryhyny ýazdy we dolulygyna diýen ýaly olaryň jemleýji katalogyny düzdi.
Ýöne A. Ýazberdiýewe durky bilen gadymy kitaplara berlip, iş otagyndan çykman oturan adam diýilse ýalňyş bolardy. Ol kitaplary aşa söýýändigine garamazdan, jemgyýetçilik işini alyp barýar we mugallymçylyk edýär. Baş ylmy kitaphananyň direktory wagty hem ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň kitaphana bölüminiň, şeýle hem taryh fakultetiniň talyplaryna umumy sapak beripdi. Onuň okadýan dersi ýyl-ýyldan kämilleşdirlýärdi, maglumatlaryň üsti ýetirilýärdi, olar anyklanýardy. Häzirki wagtam Almaz aga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphana fakultetinde iki dersden: «Türkmenistanda kitaphana işiniň taryhyndan» we «Türkmen kitaplarynynyň taryhyndan» sapak berýär. Mundan başga-da, A. Ýazberdiýew – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalary goramak baradaky Alymlar Geňeşiniň hemişelik agzasy.
Almaz aganyň bagtly maşgalabaşydygynam aýtmaly. Onuň aýaly hem öz kärdeşi, ol hormatly dynç alyşa çykýança kitaphanada işledi. Ýazberdiýewleriň çagalarynyň ählisi – gyzy we dört ogly ýokary bilim alyp, ýurdumyzyň dürli edaralarynda zähmet çekýärler. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, Almaz Berdiýewiç ozalkysy ýaly gözlegde, çünki dynça alyşa parh goýman, gulluk we şahsy wagtyňy aýrylaman, ideýalar barada oýlanamk hem pikiriňi kemala getirip, ylmyň çägini giňeltmek alymyň ykbalyna ýazylanydyr.