Nakgaş Walentin Kudrýaşowyň ýagty ýadygärligine: žiwopis manzarlarynyň syry

Birnäçe ýyl mundan ozal men Walentin Kudrýaşowyň işleriniň sergisine tötänden düşdüm. Şol wagt nakgaşyň döredijiligine belet däldim, diňe onuň plakat žanrynda çekilen, zümerret ýaşyl reňki we kompozisiýasynyň möçberliligi bilen haýran eden «Saglyk ýoly» triptihini görüpdim. Aşgabatlylaryň işjeň dynç alýan meşhur ýeriniň şeýle çekilişiniň özi üýtgeşikdi, ýöne Saglyk ýoluna ýeke gezek baran adam Köpetdagyň eteginiň şahyrana manzarlarynyň şu kysmy beýan edilişi bilen ylalaşsa gerek.
Sergi bilen tanşanymdan soň men makalamda, öz pikime görä, Walentin Kudrýaşowyň iň gowy işleri barada gürrüň beripdim. Çaganyňka meňzemeýän synçy nazarly gyzjagazyň (nakgaşyň gyzy Alýonanyň) portreti, şondan iki ýyl soň onuň ýürekden gülüp otyran suraty has täsirli çykypdyr. Onuň «Nakgaşyň ylhamy» atly özboluşly natýurmortynda bugaryp duran kofeli bulgur, sagat we mastihin, onuň gapdalyndaky arassa kagyzyň üstünde geljekki suratyň ýordumynyň sudury gaýyp duran täsirli suraty, «Sagraklar» atly , gabyň dury aýnasynda elektrik çyrasynyň şöhlesiniň nepis şekil döredýän işi özüne çekijidi... Onuň şol we beýleki işlerinde adaty zatlardan gözellik görüp bilýän ussat nakgaşyň öz tilsimi duýulýardy...
Walentin Kudrýaşowyň suratlary kärdeşlerine-de uly täsir etdi. Galyberse-de, makalamyzy beýleki köpçülikleýin habar beriş şerişdeleri hem (özi-de, biziň gazetimizie salgylanybam, salgylanmanam) çap edipdiler. Men, elbetde, žiwopisçiniň döredijiligine gyzyklanma döredenime begenýärdim...
Işim bilen baglylykda men Şekillendiriş sungaty muzeýine köp barmaly bolýaryn. Muzeýiň zallaryndan ötüp barýarkam «Gerkeze barýan ýol», Yzzat Gylyjowyň «Üzümçilik», Stanislaw Babikowyň «Balykçylar»... ýaly işleri bilen salamlaşýan kysmy öz halaýan suratlaryma bakanymy duýman galýaryn... Bir gezek «Gerkeze barýan ýol» suratynyň ýanynda aýak çekip, ahyrsoňy onuň awtoryny kimligini okadym. Onda Walentin Kudrýaşow diýen ýazgy bardy.
Owadan mawy «telpekli» aýlant, eseriň adyndan çen tutsaň, dana şahyr Magtymgulynyň dogduk obasyna barýan dag ýodasyndan geçene myhmansöýerlik bilen bakyp dur. Ussadyň zehininden dörän ýönekeýje manzar güýçli täsir edýär. Men şonda Walentin Ýefremowiçiň döredijiligi barada az bilýänime düşündim. Onuň zehininden dörän işleriň sanlyjasyny bilýän ekenim.
Sungaty öwreniji, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewiň takyk belleýşi ýaly, Walentin Kudrýaşowyň döredijiligi geçen asyryň 70-nji ýyllarynda başlanýar, şol döwürde şekillendiriş sungatynda estetika ölçegleri kemala gelipdi we ussatlar basgançagy ykrar edilipdi. Şol döwür ýaş nakgaş sungata dünýägaraýşyny öňe sürýän tanymallaryň arasynda özüne ýol arçamalydy.
Walentin Ýefremowiçiň munuň hötdesinden gelendigini aýtmak gerek. Ol döredijiliginiň başyndan ahyryna çenli öz ýoluny saklap gelipdi. Onuň žiwopisçilik ýörelgesiniň esasy aýratynlygynyň biri-de – ol köpe ýaýran ideýalara garamazdan, diňe öz halaýan zadyny çekerdi. Onuň bile okan ýoldaşlarynyň aýtmagyna görä, Walentin Ýefremowiç çeperçilik orta hünär mekdebinde okan döwründen bari hem şeýledi.
Bu onuň diňe öz islegine eýerýärdi diýildigi däldi, nakgaşyň döredijiliginde özgertmerliň depginleri-de, beýik işleriň tapgyrlary-da beýan edilýär. Onuň suratlarynyň pafosynda nepislik we şahyranalyk duýulýar.
Mysal üçin, «Dabara» suratyny alyp göreliň. Ol baýram güni Türkmenistanyň halk nakgaşy Saragt Babaýewiň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň on ýyllygy mynasybetli döreden ýadygärliginiň töweregine üýşen adamlaryň şatlygyny beýan edýär.
Walentin Ýefremowiç köp adamly suratyň gahrymanlarynyň ählisini elli şarly şekillendiripdir, olar adamlaryň depesinde gaýmalaşýar. Çapyp barýan bedewleriň heýkeliniň depesinde gaýmalap ýören owadan nagyş kysmy bulutlaryňam ümzügi howa şarlaryna sary ýaly görünýär...
Ýörüte dok reňklerde berlen «Parfiýa sährasy» atly işe-de ýordumlaryň köp aksentliligi mahsus. Gadymy Nusaý şäheri, Saglyk ýoly, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy berkidilen belent baýdaksapy ýaly türkmen paýtagtynyň taryhy we häzirki güni simwoliki taýdan sazlaşykly utgaşan gözel dag eteginiň owadan görki ýokarsyndan çekilipdir.
«Akderäniň gojamany» atly suraty filosofiki manyly we täsirli çykypdyr, onda ýogyn, ýöne şonda-da ömür wezipesinden dänmedik tut agajy şekillendirilipdir.Onuň näçe ýaşyndandygyny bilýän ýok, emma her ýyl bahar gelende daragtyň gatan şahalarynda ýene-de ýaşajyk pyntyklar peýda bolýar.
Üýtgeşik žiwopis rowaýatlar kitabyny tamamlap ýetişmän 71 ýaşynda dünýeden öten Walentin Kudrýaşow mähirli, gözleri mekirje uçganaklap duran adam hökmünde ýatda galdy... Ýaşynyň birçene barandygyna we saglyk ýagdaýyna parh etmän, ol soňky ýyllarda has köp işledi. Žiwopisçi öz işlerinde ozal tanyş ýerleri üýtgeşik beýan edýärdi. Fantastiki filmleriň ýordumlaryny ýada salýan manzarlara syn edeniňde, biygtyýar: «Bu ýerelrem biziň ülkemidir?» - diýeniňi duýman galýarsyň. Galyberse-de, nakgaşyň göwrümli garaýşy, onuň üýtgeşik rakursy we assosiasiýalary seni haýran edýär...
Walentin Kudrýaşow, belki, ömrüniň «güýzüniň» gelendigini aňan borly, onuň suratlary ozalky ýiti zümerret fondan alawly «pyrtykal» reňke geçipdir. Mysal üçin, «Parfiýa», «Çüli. Dub tokaýjygy», «Daglar bahar aýy», «Parfiýa sährasy», «Ýanbaş: Şa mülki» ýaly suratlarynda ýaşyl reňk agdyklyk edýän bolsa, indi altynsow-al reňklerde çekilen «Bagyr güýzi», «Parfiýa güýzi», «Ýasga» ýaly manzarlary peýda bolýar.
Walentin Ýefremowiç döredijiliginde çagalary köp şekillendirýär. Nakgaşyň synçy nazary çagalara mahsus ýagdaýlary duýupdyr, Kudrýaşowyň hyýaly we çagalaryň mähri bilen güýçli ýordumlar peýda bolýar. Netijede «Bagtyýar çagalyk döwri» diýen ajaýyp suraty döreýär, onda çagalar tut agajyna çykypdyrlar. Suratda miweler görünmese-de, olara derek tut agajynyň şahalarynyň arasyndan ýüzlerine tuduň syýa reňki siňen şadyýan oglan-gyzjagazlaryň ýüzi görünýär. Tut däl-de, şadyýan çag ýüzleri daragtyň miwesi ýaly bolup dur.
Sport temasyndan döredilen suratlar-da özüne çekiji. Üýtgeşik zehinli nakgaş adaty sport enjamlaryndan hem özboluşly natýurmort çekmegi başarypdy. Onuň suratlaryndaky türgenler aýratyn synpa degişli ýaly görünýär. Dogrusy, nakgaşyň özi türgenler ýaly däldi.
Walentin Kudrýaşowyň tebigat manzarlarynda ýabany sogan – inçejik uzyn göbeklije äpet togalak ösümlik peýda boldy. Onuň geň keşbi ýaş türkmen nakgaşlaryna şeýle bir ýarady welin, olaram işlerine ýabany sogan çekip ugradylar.
Birneme hyýaly ýaly görünýän soňky işleriniň birinde ... pişik peýda bolýar. Adaty sary pişik kaşaň megapolise syn etmäge goşulýan ýaly. Walentin Kudrýaşowyň aýaly Taliýa Fagimowna adamsynyň bu jandary gowy görendigini aýdýar. Ol her gün agşam özüne garaşyp oturan köçe pişigini naharlaýan ekeni. Belki, Walentin Ýewremowiç suratda öz dost pişigini şekillendirmek isländir.
Walentin Kudrýaşow diňe bir özüne çekiji nakgaş däldi, ol suratlarynda dünýä, sungata we biziň hemmäize söýgüsi duýulýan metaforaly hem şahyrana, nepis we durmuşa höwes döredýän özboluşly eserlerini galdyryp giden mähirli we aşa duýgur, göwnaçyk we päkýürek adamdy.
Žiwopisçi şu ýylyň martynda, özüniň halaýan paslynyň özboluşly manzarlaryny zümerret-güneşli öwüşginlerde we şatlyk paýlaýan döwrüni wasp eden paslynda -- tebigatyň oýanyp-özgerýän çagy - baharda aradan çykdy...