Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýigrimi üçünji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine, ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Maslahatyň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Ýygnananlar öz çykyşlarynda şu gün döwletimiziň we jemgyýetimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda şanly waka öwrülen Ýaşulularyň maslahatynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar. Umumymilli forumyň işiniň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de has okgunly ösdürilmeginiň üpjün edilmegine, oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, deputatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda bellenen we ileri tutulan wezipeleri çözmek ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerini aýtdylar.
Deputatlar maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakynda” we “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.
Bellenilişi ýaly, konstitusion özgertmeleriň çäklerinde işlenip taýýarlanan “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky” Kanun döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetiniň edaralarynyň bir bitewi ulgamyny döretmegiň, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda raýat jemgyýetiniň edaralaryny kämilleşdirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädimdir. Ýurdumyzyň syýasy ulgamy taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni şertlere laýyklykda kämilleşdirilýär we ösdürilýär.
Bu kanunçylyk taslamasy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatlary, türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alnyp işlenip taýýarlanylandyr.
Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda hereket edýän, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaradyr. “Köpasyrlyk milli däplerimizi dikeldip, biz iş ýüzünde ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak meselelerindäki taryhy tejribelerini peýdalanýarys” diýip, deputatlar bellediler.
Soňra maslahatda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalmagy gyzgalaňly pikir alyşmalary döretdi. Deputatlar häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we köpugurly ösdürmek, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyny, obasenagat toplumyny, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmäge, ösen ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümlerini kemala getirmäge iri maýa goýumlary goýberilýär. Kiçi we orta telekeçilige ählitaraplaýyn döwlet goldawy berilýär.
Munuň şeýledigine Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde öňe sürlen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem aýdyň şaýatlyk etdi. Bu maksatnama ýurdumyzyň mundan beýläk-de senagatlaşdyrylmagyna we sebitlerimiziň toplumlaýyn ösdürilmegine, eksport harytlaryň möçberini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, täze iş orunlarynyň döredilmegine, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, içerki serişdeleriň hasabyna örän möhüm milli we halkara taslamalary giňden maliýeleşdirmek, şeýle hem ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, dünýäniň işewür toparlary bilen uzak möhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda innowasion serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary we iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak ulgamlarynda ýola goýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň, hereket etmeginiň we ýatyrylmagynyň hukuk, ykdysady hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän bu Kanun aýratyn ähmiýete eýedir.
Erkin ykdysady zolak — munuň özi çäklerinde aýratyn hukuk düzgüni ýola goýulýan, anyk kesgitlenen dolandyryş çägi bolan ýörite bölünip berlen çäkdir. Onuň çäklerinde maýa goýum we telekeçilik işini alyp barmagyň aýratyn hukuk düzgünleri ýola goýulýar. Ol salgyt salynmagynyň, pul, gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň ýeňillikli tertibini we şertlerini, fiziki şahslaryň gelmeginiň, şol ýerde bolmagynyň hem-de gitmeginiň, zähmet gatnaşyklarynyň, maliýe-karz işiniň ýönekeýleşdirilen tertibini we beýleki hukuk kadalaryny öz içine alýar.
Täze Kanun milli kanunçylygyň üstüni ýetirip, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine täze depgin berer, Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini artdyrmaga, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, ahyrky netijede bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry — türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.
Maslahatda deputatlar emele gelen durmuş-ykdysady şertler esasynda baýramçylyk we hatyra günleriniň täze sanawyny öz içine alýan “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakyndaky” Kanunyň taslamasyna hem-de “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar. “Ýer hakyndaky” Kanunda ýeri rejeli ulanýan, ondan ýokary hasyl alýan Türkmenistanyň raýatlaryna — kärendeçilerine höweslendiriş çäresi hökmünde ýer böleklerini hemişelik ýa-da wagtlaýyn ulanmak üçin bermegiň hukuk kadalary kesgitlenilýär. Onda erkin ykdysady zolaklara gatnaşyjylara ýeri kärendesine bermegiň aýratynlyklaryny berkidýän hukuk düzgünleri beýan edilýär.
Şeýle hem maslahatda “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, birnäçe meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynda deputatlar garalan kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan makulladylar we kabul etdiler. Milli parlamentiň deputatlary maslahatyň ahyrynda bu möhüm hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýolundan okgunly öňe gitmegi ugrunda öňde goýan möhüm wezipeleriniň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.