ASTRAHAN DÖWLET UNIWERSITETI TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI BILEN HYZMATDAŞLYGA GYZYKLANMA BILDIRÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet uniwersitetine (ADU) baryp gördi, ol bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Konstantin Markelow bilen duşuşyk geçirdi.

Ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi we türkmen ýaşlarynyň wekillerini hünärleriň dürli ugurlaryndan taýýarlamak söhbetdeşligiň esasy temalary boldy. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde ýurdumyzyň raýatlarynyň 1245-si bilim alýar. Rektor K. Markelow türkmen ýaşlarynyň bilim almaga erjelligini, uniwersitetiň ylmy, döredijilik we sport durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.

«Biz ähli ugurda: bilim, ylym, okuwdan daşgary taslamalar, şeýle hem hünärmenleri gaýtadan taýýarlamagyň dürli maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyga taýýar» -diýip Konstantin Markelow nygtady.

Duşuşygyň dowamynda rektor K. Markelow Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen wideo-duşuşyk geçirmäge, şeýle hem ADU-nyň talyplary üçin bitaraplygyň türkmen nusgasynyň özboluşlylygy barada onlaýn-umumy sapak guramaga gyzyklanma bildirdi.

Astrahan döwlet uniwersitetinde bolan wagty konsul G. Garaýew laboratoriýalara we ylmy-barlag merkezlerine, şol sanda robot tehnikasy hem-de elektronika ylmy-barlaglar merkezlerine, döwrebap enjamlaşdyrylan auditoriýalara we işinde innowasiýalar işjeň ulanylýan bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy kitaphanasyna baryp gördi.

Türkmen diplomaty ADU-ny ösdürmegiň strategiýasy, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň halkara işiniň esasy ugurlary we daşary ýurtly uniwersitetler bilen akademiki alyşmalar maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Konsul we uniwersitetiň rektory türkmen ýaşlaryndan talyplar bilen duşuşyk geçirdiler.