TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

Şu gün, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde emele gelen dostlukly, açyk we oňyn syýasy gatnaşyklar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň yzygiderli özara saparlary, duşuşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň halkara giňişlikde ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesine eýedigi bellenildi.

Şunda ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryna we tekliplerine hormat goýmak bilen garalýandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, özbek tarapy ençeme gezek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, ekologiýa we ählumumy gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça ara alyp maslahatlaşylmagyna hödürlän başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Öz gezeginde Türkmenistan Özbegistanyň halkara ähmiýetli tekliplerini ilerletmäge işjeň gatnaşýar, goňşy döwletiň BMG-niň dürli düzümlerine agzalyga saýlanmagyny hemişe goldaýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn görnüşlerde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylynda iki döwletiň hem BMG-niň çäklerinde, şol sanda birnäçe gün mundan öň açylan Baş Assambleýanyň maslahatynda ileri tutulýan garaýyşlar hökmünde beýan edilen täze taglymlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltjekdiklerine ynam bildirdiler.

Geňeşmeleriň barşynda sebit meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Aral deňziniň hem-de Merkezi Aziýanyň suw-energetika meseleleriniň çözülmegine öz garaýyşlaryny ýene-de bir gezek tassyklady. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birek-biregiň garaýyşlaryna özara hormat goýmagynyň hem-de olaryň kanuny bähbitleriniň hasaba alynmagy zerurdyr. Türkmenistan bilen Özbegistanyň suw hojalygy ulgamynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerinde köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlygy munuň mysalydyr. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň (türkmen tarapynyň Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky we özbek tarapynyň BMG-niň Aralýaka sebiti üçin adam howpsuzlygy boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk trast gaznasyny döretmek baradaky) başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, olary iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdiler.

Goňşy Owganystana ýardam bermek meselelerinde hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Türkmenistan bilen Özbegistanyň Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygyň we raýat ylalaşygynyň emele gelmegi boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýandyklary hemmelere mälimdir. Iki ýurt hem owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri energetika we düzümleýin taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýärler. Mysal üçin, TOPH gaz geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmekde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamlary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmekde, OYR ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygynda ep-esli ösüş gazandy.

Syýasy-diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy, gaz, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda, söwda, obasenagat we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan bilelikdäki işler şeýle hyzmatdaşlygyň baş ugry bolup durýar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy durnukly ösüş meýillerine eýedir. Diňe 2019-njy ýylyň görkezijileri boýunça onuň möçberleri, takmynan, 80 göterim ýokarlandy. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli meseleleriň birnäçesini oňyn çözmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini taýýarlamak we ony geçirmek baradaky pikiri aýtdylar.

Ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Umumy medeniýete, däp-dessurlara eýe bolan Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklary gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhyna daýanyp, häzirki wagtda döredijilik we ylmy işgärleriň yzygiderli duşuşyklaryny, Medeniýet günlerini, sergileri, konsertleri, festiwallary geçirmek arkaly bu ugry ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda guramagyň zerurdygyna berk ynam bildirilip, hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde olaryň möhümdigi bellenildi.