Türkmen ekologlary we ugurdaş edaralaryň wekilleri ýurduň OWM boýunça Monreal protokolyny ýerine ýetirişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabatda ozon gatlagyny goramagyň Halkara gününe we ozon gatlagyny weýran edýän maddalar boýunça Monreal protokolunyň 30 ýyllygyna bagyşlanan iş duşuşygy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň ýanyndaky Ozon merkezi gurnady. Oňa adalat, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, senagat ministrlikleriniň, „Türkmenstandartlary“ Gullugynyň, „Türkmenhimiýa“ Döwlet konserniniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we husuýy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Ekologiýa çäresiniň maksady- planetanyň ozon gatlagyny goramak ulgamynda tejribe alyşmak, maglumatlaryň elýeterligini ýokarlandyrmakdyr.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň 1993-nji ýylda Monreal protokolyny tassyklandygy, oňa düzedişleriň ählisini kabul edenligi we onuň degişli talaplarydyr düzgünlerini eýerýändigi bellenildi. Ozon gatlagyny goramk döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda berk orun tutdy. 2012-nji ýyldan bäri ýurdumyzda gidrohlorftoruglerodlary kem-kemden dolanşykdan aýyrmagyň Döwlet maksatnamasy hereket edýär, ol 2020-nji ýyldan soň diňe resirkulirlenýän we dikeldilýän maddalary ulanmaga ýardam edýän çäreleri durmuşa geçirmegi, geljekde, 2040-njy ýylň 1-nji ýanwaryna çenli olary dolanşykdan doly aýyrmagy maksat edinýär. Soňky bäş ýylda ýurdumyzda ozony weýran ediji maddalaryň ulanylyşy ep-esli derejede azaldyldy. Olar ozalkysy ýaly senagat sowadyjy enjamlarda, howany ýelejiretmek ulgamlarynda hladagent hökmünde, ýöne gözegçilik astyndaky möçberlerde ulanylýar we halkara ylalaşyklary bilen düzgünleşdirilýär.
Duşuşuguň barşynda taraplar Monreal protokolynyň we ozon gatlagyny goramak babatda kanunlaryň talabyny ýerine ýetirmegiň gurallaryny mundan beýlägem kämilleşdirmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň „Ozon gatlagyny goramak hakynda“ Kanuny kabul edilipdi. 2015-nji ýylda bolsa hukuk kadalaryny halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyk getirmek maksady bilen we ýurduň olarda göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin Kanuna düzedişler girizildi.
Ozon gatlagy planetamyzy howply ultramelewşe şöhlelelrden goraýar.Ylmy barlaglar netijesinde ozony weýran ediji işjeň maddalar (OWM) we olardan halk hojalygynda mundan beýläk ulanmakda has amatlylary ýüze çykaryldy. Bu bolsa 1987-nji ýylyň 16-nji sentýabrynda ösen we ösýän ýurtlaryň ozon gatlagyny weýran edýän maddalar boýunça Monreal protokoluny kabul etmegi üçin esas boldy, soňra ol ozon gatlagyny saklap galmagyň ählumumy meselesini çözmekde halkara resminamalarynyň iň wajyplarynyň biri boldy. Şu resminama düzüminde hlorly, ftorly, bromly, uglerodly we wodorodly uglerodlar tapgyryndan himiki birleşmeler bolan esasy OWM-lar kesgitlenildi. Şeýle hem olaryň dolanşygyna, tapgyrlaýyn azaldylmagyna we geljekde olaryň öndürilişiniň we ulanylyşynyň doly bes edilmeginiň tertibine gözegçilik bellenildi. Bu çäreler diňe bir häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine ozon gatlagyny goramaga ýardam etmän, eýsem howanyň üýtgemegi meselesini çözmäge-de saldamly goşant goşýar. Şeýlelikde, Monreal protokolunyň netijesinde adam saglygy we ekologiýa ulgamynyň goralylygy üpjün edilýär.