TÜRKMEN-TATAR GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň meselelerine berilýän hemişelik üns üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Rustam Minnihanow doganlyk Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ozalky Prezidenti M.Şaýmiýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda birnäçe giň gerimli taslamalary amala aşyrmagyň çäklerindäki bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesi bilen berkidilen hem-de uly geljegi bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň we Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşýän, ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýynyň gatnaşyklary netijeli ösdürmäge giň ýol açýandygyny belledi.

Ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda ylym we bilim ulgamlarynda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy we myhman sport ulgamyndaky däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki çäreleri guramagyň, özara tejribe alyşmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wekilleriniň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Tatarystanyň Prezidentiniň Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu saparyň türkmen-tatar dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyny aýdyp, onuň ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.