TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III-niň we Premýer-ministr Rişi Sunagyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Stiwen Konlony jogapkärli wezipä bellenilmegi we Türkmenistanda işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti  ýakynda Onuň Alyjenaby Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, Londona iş saparyny amala aşyrandygyny belläp, saparyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik üçin Beýik Britaniýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III bilen söhbetdeşlikde onuň Türkmenistana ozal amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdandygy we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine özara ynam bildirilendigi bellendi.

Duşuşygyň çäklerinde köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Beýik Britaniýanyň ilçisi umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz diňe ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda-da üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iri we abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlara berilýän özara goldaw munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini özgertmek, senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy nazara alyp, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, britan kompaniýalarynyň gazanan üstünliklerini türkmen bazarynda ornaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Energetika, maliýe, bank hyzmatlary, ätiýaçlandyryş we “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Mundan başga-da, oba hojalygynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy.

Şeýle hem medeniýet, bilim, sungat we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Beýik Britaniýanyň ilçisi netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge tagalla etjekdigine ynandyrdy.