TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PARLAMENTINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň maksady hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kanunçylyk esasynda berkidilmeginden ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyz türkmen-eýran gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýdyp, parlamentara topary döretmegi teklip etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Garaşsyz Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatyna hem-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine goşýan uly goşandyna ýokary baha berdi. Mohammed Bager Galibafyň nygtaýşy ýaly, iki halk bilelikde sebitde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirip bilerler.
Iki ýurduň sebit we halkara syýasatyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe möhüm ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Türkmenistanda döredilen häzirki zaman düzümlerini hem-de üstaşyr gatnawlar üçin mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ulag ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, ýol we köpri gurluşygy beýleki geljegi uly ulgamlar hökmünde kesgitlenildi. Şunda biziň ýurtlarymyz netijeli hyzmatdaşlyk edip hem-de bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip bilerler.
Eýranyň parlamentiniň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentara topary döretmek baradaky başlangyjyny goldap, onuň işiniň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine hem-de giňeldilmegine gönükdiriljekdigini belledi. Döwletlerimiziň eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilige eýedigini aýdyp, iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda söwda wekilhanalaryny döretmegiň hasabyna ony ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
Ekologiýa meselesi ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugurlaryň biri boldy. Ol häzirki zamanyň örän möhüm wezipesidir. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistan tarapyndan bu ulgamda öňe sürülýän ähli başlangyçlary hemişe goldap gelýär we geljekde-de goldar.
Duşuşygyň Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.