TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtamagyna görä, häzirki döwürde Özbegistan okgunly ösýän hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurtdur. Türkmenistan doganlyk Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklara ýokary baha berýär we asyrlaryň dowamynda ýakyn goňşy hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolup durýan bu ýurt bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň saklanylýandygy bellenildi. Iki ýurduň dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da doly gabat gelýändigi halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmak üçin pugta binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandy üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlik, Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.