Parižde türkmen modelýerleriniň döreden lybaslary görkezildi

photo

8-nji oktýabrda ÝuNESKO-nyň Pariždäki ştyab-kwartirasynyň Kabul edişler zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp, sergi we türkmen modelýerleriniň işleriniň görkezilişi guraldy.

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guran çäresine Fransiýasnyň Parlamentiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik köpçüliginiň wekilleri, şeýle hem ÝuNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň, Parižde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar. Sergä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekillleri geldiler.

Tematiki sergide nepis türkmen halylary, dürli haly önümleri, milli şaý-sepler we sowgatlyklar, milli lybaslar, ketenileriň hem-de el keşdeleriniň nusgalary esasy orun tutdy.

Serginiň kitap bölüminde Türkimenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, şeýle hem neşirýat önümleriniň giň görnüşi, şol sanda Türkmenistanyň taryhy-medeni hem-de tebigy gözellikleri, häzirki keşbi we gazananlary barada gürrüň berýän maglumatlar kitapçalarydyr fotoalbomlar goýlupdyr.

Duşuşygyň tematikasyna bagyşlanyp, döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler barada giňişleýin düşünje berýän wideofilm görkezildi.

Türkmen modelýerleriniň döreden mymyk ýüpekden, nepis panbarhatdan tikilen we özboluşly el keşdeleri salnan zenanlar üçin toý-dabaralara niýetlenen lybaslarynyň görkezilişi bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Duşuşyga gatnaşanlara ilçihanamyzyň guran türkmen halkynyň datly tagam taýýarlamak däpleri bilen tanyşmaga we olary dadyp görmäge mümkinçilik döredildi.