TURKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI ILERI TUTULÝAR

Şu gün, 8-nji iýulda türkmen paýtagtynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn özara hereketleriň möhüm gurallarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Bu ugurda strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini hem aýratyn bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda, sanly tehnologiýalar, innowasion ykdysadyýet we iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň arasyndaky özara hereketler ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny beýan edildi. 

Şonuň ýaly-da taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň hem aýratyn netijeliligini belläp geçdiler. Iki ýurduň arasyndaky ykdysadyýet ulgamyndaky özara hereketleriň energetika pudagyndan başlap senagat, ulag, infrastruktura gurluşygy we beýleki giň gerimli ugurlary öz içine alýandygy nygtaldy.

Saparynyň çäklerinde RF-niň wekiliýeti Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hem birnäçe duşuşuklary geçirdi.