img
سفارة تركمانستان
المملكة العربية السعودية - الرياض
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

KHBS ÜÇIN HABAR

photo

Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň zerurlygyny belläp geçdiler.

 

 

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy.
09.02.2022 
ý.