AŞGABATDA ÝEŇIŞ GÜNÜNIŇ 77 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP “HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GÜL GOÝMAK DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün, 9-njy maýda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly senesiniň bellenilip geçilmegi mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu çäreden öň ol Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, biziň bu gün Ýeňiş baýramyny bilelikde belleýändigimiziň ähmiýetini nygtady. Biziň ata-babalarymyz hem egin-egne berip, gahrymançylykly hereketleri amala aşyryp, Ýeňşi ýakynlaşdyrmak bilen, hak işi goradylar we biz ýeňdik!

Dabara şeýle hem milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.