آخر الأخبار
TÜRKMEN WEKILIÝETI KATARDA OWGANYSTAN BOỲUNÇA YÖRITE WEKILLERIÑ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyñ 1-2-nji maýynda Katar Döwletiniñ Doha şäherinde BMG-niñ Baş Sekretarynyñ howandarlygynda Owganystan boỳunça yörite wekilleriñ duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niñ Baş sekretary Antonio Guterriş hem gatnaşdy. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniñ wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiyew gatnaşdy. Duşuşykda Owganystanyň häzirki syỳasy-harby, ykdysady we ynsanperwer ỳagdaỳlary barada pikir alyşyldy. Türkmen wekiliỳetiniñ ỳolba...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we HHR-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki h...
TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Sin Gan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Sian şäherinde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriniň giň gerimi ara alny...
ABŞ-DA TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilel...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ABŞ SAPARY TAMAMLANDY
Şu ýylyň 24-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berilşi ýaly, Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýene bir tapgyry geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň arasynda gepleşikler geçirildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň başlygy Erik Stýuart bilen duşuşygy hem geçirildi. Amerik...
"HALKARA HABARLAR ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI" ATLY «TEGELEK STOL» BOÝUNÇA KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri” atly «tegelek stol» geçirildi. Bu çärä halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususy habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň metbugat attaşeleri, maglumat we aragatnaşyk syýasaty b...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin tassyklanylan ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň UNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň...