RSS

آخر الأخبار

11 مارس

Türkmenistanyň we Awstriýanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar

2024-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksandr Şallenbergiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamyndaky özara gatnaşyklary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, energetika, medeni alyş-çalyşlary ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebitara...

المزيد
7 مارس

KHBS üçin habar

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek bolup durýar. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen T...

المزيد
6 مارس

Aşgabatda ÝHHG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy

2024-nji ýylyň 5-nji martynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda ÝHHG-niň üç ölçeginiň çäginde hyzmatdaşlygyň we sebit merkezleriniň işiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, ÝHHG-niň Sekret...

المزيد
6 مارس

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ÝHHG ýaly iri hal...

المزيد
5 مارس

Türkmen halkynyň Milli Lideri, owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we duşuşyk geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ugurda, türkmen tarapynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere gara...

المزيد
5 مارس

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde owgan wekiliýeti bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Söwda we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistana gelen wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, owgan wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine, şol sanda sa...

المزيد
5 مارس

Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň orunbasary bilen geçirilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Döwlet...

المزيد