آخر الأخبار
AŞGABATDA TÜRKMEN-AWSTRIÝA IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar. Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Awstriýanyň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de wekillerinden ybarat bolan wekiliýet paýtagtymyza geldi. Türkmen tarapyndan fo...
BAKUDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Baku şäherinde sapar bilen boldy. 29-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň wise-premýeri Azerbaýjanyň liderine gyzgyn garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berd...
TÜRKMENISTANDA AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler minsitriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada öz ynanç hatlaryny gowşurmaga gelen Awtsriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Tomas Şuller-Götsburg bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Türkmenistanyň we Awtsriýanyň gy...
TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN-AWSTRIÝA BILELIKDÄKI TOPARYŇ ON BIRINJI MEJLISI GEÇDI
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Zähmet we ykdysadyýet Federal ministrliginiň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça Baş direktory Frans Wessig ýolbaşçylyk etdiler. Mejlise gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Wenada geçirilen toparyň 10-njy mejlisiniň netijeleriniň ýerine ýetirili...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-YŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramanyň Baş sekretaryna 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewi bolsa şol ýylda türki dünýäsin...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞENBEDE GEÇIRILEN AHHG-NYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde Araly Halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Annageldi Ýazmyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine AHHG-nyň Müdiriýetiniň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministri Brekeşow S.A., Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ganiýew Ş.M., Täjigist...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI MEDENIÝETIŇ HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda medeniýet we sungat ugurl...