img
سفارة تركمانستان
المملكة العربية السعودية - الرياض
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img
RSS

آخر الأخبار

pic
5 يوليو

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI

5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman halkara we sebit ähmiýetli birnäçe mowzuklar boýunça hem-de, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň geljekde has hem berkemeginiň zerurlygyny nygtamak bilen, söhbet...

المزيد
pic
4 يوليو

DIM-DE BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda...

المزيد
pic
2 يوليو

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi...

المزيد
pic
1 يوليو

TÜRKMENISTAN — TÜRKIÝE: ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nyg...

المزيد
pic
30 يونيو

HANOÝDA TÜRKMEN-WÝETNAM IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagtynda ýerleşýän «Melia» myhmanhanasynda türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, nebit we gaz, energetika, söwda, gurluşyk, binagärçilik we ulag ulgamyna ýöriteleşdirilen, 40-a golaý wýetnam kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Işewürler maslahatyň esasy maksady Türkm...

المزيد
pic
30 يونيو

AŞGABATDA ALTYNJY HAZAR SAMMITI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi. Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Res...

المزيد
pic
29 يونيو

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Şu gün, 29-njy iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy. Dostlukly döwletiň Baştutany ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige kanagatlanma bildirip hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman...

المزيد