img
سفارة تركمانستان
المملكة العربية السعودية - الرياض
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img
RSS

آخر الأخبار

pic
20 أبريل

GDA-NYŇ 30 ÝYLLYK HYZMATDAŞLYGY RESMINAMALARDA WE FOTOSURATLARDA

Türkmen ekspozisiýasy Russiýa federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlap gurnan fotosuratlaryň we resminamalaryň sergisiniň aýrylmaz bölegi boldy. Serginiň dabaraly açylyşy RF-nyň DIM-niň Uly binasynda GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Rus...

المزيد
pic
20 أبريل

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Geçen döwürde biziň gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hind...

المزيد
pic
16 أبريل

ADAM HUKUKLARY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşygy açyp, Pudagara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň berjaý edilmeginiň üpjünçiligi babatynda Türkmenistan Hökümeti tarapyndan amala aşyry...

المزيد
pic
15 أبريل

“MERKEZI AZIÝA – ÝAPONIÝA” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ SEKIZINJI MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň sekizinji maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň meselelerini ara alyp masahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar halkara gün t...

المزيد
pic
14 أبريل

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MHG-NYŇ SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň barşynda taraplar «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen bilelikde 20...

المزيد
pic
14 أبريل

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Premýer-ministr Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiril...

المزيد
pic
13 أبريل

AŞGABATDA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ SERGISI HEM-DE MASLAHATY GEÇIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär.  Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejl...

المزيد