آخر الأخبار
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE ENERGETIKA WE ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MUNDAN BEÝLÄK HEM ÖSDÜRILMEGINIŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji Sammitindäki çykyşynda, şeýle hem energetiki meseleleriniň üstünde durup geçdi we ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini aýratyn belledi. “Türkmenistan ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy YHG-nyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görýär” – diýip Döwlet Baştutany nygtady. Ol şeýle hem häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň global ykdysady ösüşiň kesgitleýji dessurlary hökmünde çykyş edýändigini...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 15-NJI SAMMITI GEÇIRILDI
Şu gün, 28-nji noýabrda - Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda ýolbaşçylyk edýär. Döwletimiz tarapyndan bu gurama başlyklyk şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi....
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar. Şeýle hem, saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow türkmen paýtagtynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikleriň geçiri...
ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN PAÝTAGTYNA IŞ SAPARY BILEN GELDI
Şu gün, 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasyny...
AŞGABATDA YHG-NIŇ AGZA DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 25-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler minis...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Ertir, 28-nji noýabrda doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.