Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!


Biz ýurdumyzda 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz baýramyny giňden belläp geçýäris. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu baýram tebigatyň jümle-jahana täzelenişi paýlaýan bahar paslynda dünýä bileleşigi tarapyndan giňden bellenýär. Asyrlaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramy biziň döwrümizde täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylyp, adamzadyň medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara derejede ykrar edildi.

Şoňa görä-de, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy. Halkara Nowruz güni dünýäniň onlarça ýurdunda giňden bellenilip geçilýär.

Dünýä halklary bilen birlikde, türkmen halky hem baharyň buşlukçysy — Nowruzyň däp-dessurlaryna durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, tämiz ahlaklylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly külli adamzat üçin beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini siňdiripdir. Şonuň üçin hem bu gün ynsan kalbynyň tämizligini, egsilmez döredijilik joşgunyny aňladýan bu baýram nesillerimizde milli buýsanjy artdyrýar, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär.

Bu ajaýyp halkara baýramyň köpdürli däp-dessurlary Gündogaryň we Günbataryň medeniýetleriniň sazlaşykly ösmegine, aýratyn-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň medeni-taryhy ýadygärlikleriniň, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmegine düýpli täsirini ýetiripdir.

Türkmen halky Milli bahar baýramyny mukaddes topragymyza yhlasy we söýgini dabaralandyrýan zähmetsöýerligiň baýramy hökmünde hem garşy alýar. Şoňa görä-de, güneşli Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlaryna, sähradyr jülgelerine, bag-bakjalaryna ýagyş damjalarynyň nur-bereket bolup sepelenýän, tutuş tebigatymyzyň janlanýan bahar çagynda milli sungat derejesine ýetirilen daýhançylyk we maldarçylyk kärini mynasyp dowam edýän watandaşlarymyz üçin örän jogapkärli, gyzgalaňly döwür başlanýar.

Merdana halkymyz täze durmuşy alamatlandyrýan Nowruzda bereketli saçaklarymyzyň elmydama mele-myssyk nandan, ir-iýmişlerden, gök, bakja, ekerançylyk we maldarçylyk önümlerinden, naz-nygmatlardan dolup durmagyny, sahawatly topragymyzda öndürilýän hasylyň berekediniň egsilmezligini arzuwlap, täze hasylyň düýbüni tutýar.

Nowruz baýramynda taýýarlanýan datly tagamlar bolsa türkmen topragynyň sahawatlylygyny, rysgal-bereketliligini, myhmansöýerligini alamatlandyrýar.

Milli bahar baýramynda halkymyzyň bagşyçylyk, halyçylyk, atşynaslyk sungatlaryny, maldarçylyk, bagbançylyk, daýhançylyk bilen bagly däp-dessurlaryny, gadymy gymmatlyklarymyzy, milli oýunlarymyzy, halk döredijiliginiň dürdäne nusgalaryny görkezmek bilen, biz milli medeni mirasymyza goýýan sarpamyzyň belentdigini äleme äşgär edýäris.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ýurdumyzda giňden bellenmeginiň çuňňur manysy bar.

Şu ýyl biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny halkara derejede giňden belleýäris. Bitaraplygyň esasynda hem agzybirligi, abadançylygy, asudalygy berkitmek ýaly Nowruz baýramynda ündelýän düşünjeler durýar. Şonuň üçin hem biz türkmen Bitaraplygyna halkymyzyň köpasyrlyk taryhy ýolunyň, dostluga, agzybirlige, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan milli ýörelgeleriniň dabaralanmasy hökmünde baha berýäris.

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň agzybirlik güýji, ajaýyp däp-dessurlary hem-de ýörelgeleri, şeýle hem bu ajaýyp baýram mynasybetli geçiriljek göwün galkyndyryjy dabaralar mähriban halkymyzy berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!


Sizi we mähriban halkymy ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.