Hazar ýakasynyň guşlary hakda gyzykly maglumatlar

Tutuş dünýäde tebigat muşdaklary 1-nji aprelde Halkara guşlar gününi bellediler, ýer ýüzünde olaryň jemi 8600-dan gowrak görnüşi bar. Şundan ugur alyp, okyjylary sebitimiziň iň özüne çekiji ýerleriniň biri bolan Hazar ýakasynda ýaşaýan guşlaryň gysgaça seljermesi bilen tanyşdyrmak isleýärin.
Geografiýa taýdan ýerleşişine görä, bu ýerde Ýewraziýa – Gündogar Afrika we Aziýa ugurlary boýunça guşlaryň göçüş çatrygy ýerleşýär, subkontinentiň demirgazygynda höwürtgesinden gaýdan guşlar bu ýoldan Gara we Hazar deňizlerine, Orta ýer deňzine we (Niliň aşaky akymlaryndan GAR-a çenli), Arabystana, Pars aýlagyna, Gyzyl deňze, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa, Hindistan ýarym adasyna, Awstraliýa we Täze Zelandiýa gyşlamaga gidýärler.
Her ýyl gaýtalanyp durýan we serhetlere parh goýmaýan guş göçüşleri tutuş adamzadyň baýlygydyr, şonuň üçinem halkara konwensiýalaryna laýyklykda bioserişdeleri goramak – umumy işimizdir. Şol konwensiýalary tassyklan Türkmenistan hem bu işe goşulyp, suwly-batgaly ýerleri we bioköpdürlüligi goramak boýunça özüne belli bir borçlary aldy. Goraghanalar we beýleki goragly tebigy meýdanlar döredilýär, daşky gurşawy goramak ulgamynda kanunlar hem-de beýleki kadalaşdyryş-hukuk resminamalary kabul edilýär.