Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda «Nejep oglan» operasy sahnalaşdyrylýar

photo

27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Nejep oglan» operasynyň premýerasy bolar. Ony Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Maýa Kulyýewa adyndaky milli konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary bilen hyzmatdaşlykda sahnalaşdyrýar.

Bize spektaklyň jemleýji repetisiýalarynyň birine baryp görmek miýesser etdi, şonuň üçinem täze oýnuň sazly-şahyrana özeni, nusgawy opera kadalarynyň we dessançy bagşylaryň özboluşly sungatynyň sazlaşygy, şeýle hem dessanyň özboluşly beýan edilişi bilen täsir galdyrjakdygyny aýdyp biljek.

Gadymy «Nejep oglan» dessany boýunça sahna oýnunyň awtorlary – librettoçy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň, kompozitor, ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgäri Nurygandym Hojamuhammedowyň we oýun goýujy režisýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň aýtmaklaryna görä, opera eserini halk aýdymlaryna mahsus dutar owazlary bilen baýlaşdyrmak üçin şu dessan saýlanyp alnypdyr. Medeniýet hepdeliginiň şu ýyl Daşoguzda geçirilýändigi sebäpli opera eserini sahnalaşdyryjylar ony özboluşly arheologiýa we dini ýadygärlikler mekany bolan baý taryhly Köneürgenje bagyşlaýarlar.

...Gadym döwürlerden bäri Aşyk Aýdyň piriň guburyna zyýarat edip, dutar çalyp, dessan aýdyp, ondan pata almaly diýilýär. Eger pir zyýaratçyda zehin bar bolsa, oňa ak pata berýärmiş...

Spektaklyň başynda hökümdar Soltan Esen ötegçi täjirlerden Ürgenjiň özünde nähili täsir galdyrandygyny soraýar. Olar bu ýeriň gözelligi, onuň ussat sazandalary barada köp eşidendiklerini, ýöne bagşy diňläp görmändiklerini aýdýarlar. Onsoň köşk bagşysy Elbent düýşüne giren Sona gelin, oňa gowuşmak wysaly hakda aýdym aýdýar. Bezirgenler onuň öz ýurdunyň weziriniň dul galan gelnidigini aýdýarlar.

Elbent söweriniň ýoluna düşýär we Sonany hem-de onuň kiçijik ogluny alyp ýurduna dolanýar. Ol Sonany söýse-de, ogullygy Nejep oglany halamaýar... Ýetginjek çagalykdan dutar çalyp, il öwgüsine mynasyp bolýar. Öýünden goldaw tapmadyk ýigit Aşyk Aýdyň piriň ýanyna baryp, ondan tälim bermegi towakga edýär...

Bir gezek piriň ýanyna soltanyň derde uçran gyzy Mylaýymy getirýärler, iň güýçli tebipler-de onuň derdine derman tapyp bilmändirler. Aşyk Aýdyň pir gyzyň köňül keselini diňe bagşynyň jadyly sungatynyň açyp biljekdigini, şeýle ukybyň Nejep oglanda bardygyny aýdýar. Aşyk Aýdyň piriň maslahaty bilen hökümdar Nejep oglany köşke bagşy edip alýar, ýetginjek sazynyň jadysy bilen Mylaýymy derdinden gutarýar. Ýaşlar bir-birine aşyk bolýarlar... Olaryň pynhan duşuşygy aýan bolansoň Nejep oglana jeza garaşýar...

Aşyk Aýdyň pir şägirdine goldawa gelýär, ol hökümdara bagşylaryň arasynda bäsleşik geçirmegi, eger Nejep oglan ýeňse, onuň başyny aman saklap, gyzyny hem bermegini maslahat berýär.

Elbent bilen dartgynly bäsleşikde Nejep oglan üstün çykýar. Opera aşyklaryň – Nejep oglanyň hem-de Mylaýymyň toýy bilen tamamlanýar...

Operadaky partiýalaryň ählisini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary: Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew (Aşyk Aýdyň pir), Şatlyk Gurbannazarow (Nejep oglan), Aýjahan Saparowa (Mylaýym), Begenç Moşşyýew (Elbent), Arzygül Gylyjowa (Sona gelin) ýerine ýetirýärler, şeýle hem spektakla ýurdumyzyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa gatnaşýar. TMK-nyň ikinji ýyl talyby Döwletmämmet Ökdirow oýna dirižýorlyk edýär.