TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuli kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyzy we ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan eden Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlag sözlerini ýetirdi.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen öz ýurdunyň umumy maksatlara we bähbitlere gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine Täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny we arzuwlaryny mälim etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigi bellenildi.

Netijeli esasda geçen duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine möhüm ähmiýet berildi.

Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagy we mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Hususan-da, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In ýokary döwlet wezipesine girişenden soň, Merkezi Aziýa ýurtlaryna guran saparlarynyň dowamynda 2019-njy ýylyň aprel aýynda ilki bilen Türkmenistana bolan döwlet saparyny hemişe ýatlaýar.

Taraplar halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da umumydygyny tassyklap, dünýä giňişliginde, şol sanda iri abraýly guramalarynyň we sebit düzümleriniň binýadynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek barada pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi halkara giňişliginde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýediginiň tassyklanmasyna öwrüldi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we koreýaly diplomat “Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyna ýokary baha berdiler. Onuň işi Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça özara ynanyşmagy berkitmäge we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň döwletara türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösüşiň täze derejesine çykarandyyny, şunlukda, birnäçe möhüm ugurlarda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin anyk mümkinçilikleriň dörändigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Bilelikdäki türkmen-koreý işewürlik geňeşine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli hem-de netijeli çäreleri amala aşyrýan ýurdumyzyň ilkinji nobatda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň we daşary ýurtlaryň iň oňat tejribeleriniň ornaşydyrylmagyny esasy ugur edinýändigini belledi.

Dünýä bazarynda ýokary tehnologiýalar babatda öňdebaryjylar hökmünde ykrar edilen Koreýanyň kompaniýalary öz gezeginde milli we sebit ähmietli önümçilik düzüminiň desgalarynyň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze ylmy hem-de önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny mälim edýärler.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň nebithimiýa, gazy gaýtadan işleýän, awtoulaglar we beýleki ugurlarynda üstünlikli iş alyp barýan koreý işewür düzümleriniň işleriniň soňky ýyllarda netijeli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistan bilen Korýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň hem-de ýokary ösüşe eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Köp ýyllaryň dowamynda dünýä belli “LG” hem-de “Hyundai” koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag pudaklarynda netijeli iş alyp barýandygy bellenildi.

Koreý hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda üstünlikli ýerine ýetirilen strategik taslamalaryň hatarynda “Galkynyş” käninde tebigy gazy arassalamak boýunça kärhananyň gurluşygyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly awtomobil benzininiň önümçiligi boýunça bölüm hem-de Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polipropilen we polietilen önümçilgi boýunça ýöriteleşdirilen polimer zawody bar.

Däp bolan ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn pikire görä, hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Dürli medeni çäreleriň, ylmy we döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi hem-de Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça bilim merkeziniň netijeli işi bu ugurdaky gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şin Sung-çuli Türkmenistanda diploimatik wezipä girişmegi bilen ýene bir ýola gutlap, döwletara serhetler açylansoň we ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygy geçirmek üçin amatly şertler emele gelensoň Koreýa Respublikasyna jogap saparyny amala aşyrmakçydygyny aýtdy.

Diplomat hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi däp bolan türkmen-koreý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn bähbitli köpugurly hyzmatdaşygy has-da giňeltmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.