RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Apr

OBA HOJALYGYNDA BAZAR GATNAŞYKLARY: SEBITLEÝIN NAZARÝET

Ähli welaýatlarda bolşy ýaly ýurdumyzyň demirgazygynda-da oba hojalyk önümçiligini özleşdirýän hususy öndürijileriň sany artýar. Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan 99 ýyl möhlet bilen berilýän meýdanlary alýan şahsy we edara görnüşli taraplar barha köpelýär. Ruhubelent etrabynyň diňe «Zähmet» geňeşliginiň çäginde şertnama esasynda döwlet sargydyna goşulan ekinleriň önümçiligine girişen 39 sany täze daýhan hojalygynyň döredilmegi bu aýdylanlaryň mysalydyr. Olara umumylykda iki müň gek...

DOWAMY
6 Apr

AŞGABADA HAJ WE DIN IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY OWGAN WEKILIÝETI GELDI

Şu gün, 6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz b...

DOWAMY
5 Apr

MERKEZI AZIÝA WE KAWKAZ ÝURTLARYNYŇ MALIÝE DURNUKLYLYGYNY GOLDAMAK – WIDEOARAGATNAŞYGYŇ TEMASY

2021-nji ýylyň 5-nji aprelide Bütindünýä banky we Halkara Pul Gaznasy tarapyndan her ýylda geçirilýän ýazky maslahatlaryň çäklerinde Halkara Pul Gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Departamentiniň guramagynda Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Merkezi Banklarynyň we Maliýe ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly däp bolan kollegial pikir alyşmalary gurady. Duşuşugyň gün tertibinde Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitinde makroykdysady...

DOWAMY
3 Apr

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Türkiýeden gelen täjirler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna bahasy ABŞ-nyň 11 million 485 müň dollaryndan gowrak bolan dürli görnüşli tüýjümek önümler Birleşen Arap Emirlikle...

DOWAMY
2 Apr

TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etmek bilen, GDA-nyň çäklerinde döredilen...

DOWAMY
2 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY DÜNÝÄ SYÝASATYNDA YNAMY DIKELTMEGIŇ WE ÖZARA HORMATA ESASLANÝAN GEPLEŞIKLERIŇ MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gysga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly işjeň pikirler alşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda GDA-nyň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak ugrunda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi, şeýle-de sebit we halkara meseleleri agzap geçdi. Ministr halkara-hukuk kadalaryny dikeltmegi...

DOWAMY
2 Apr

MOSKWADA GDA-NYŇ GATNAŞYJY-DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri D.Baýramow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Aýwazýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler w...

DOWAMY