RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Mar

ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA HALKARA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda wideoaragatnaşyk ulgamy “Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi” geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň döwlet we hususy edaralaryndan ýaş hukukçylary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar halkara energetika taslamalarynda halkara hukuk kadalarynyň ulanylyş aýratynlyklary, halkara ekologiýa hukugynyň...

DOWAMY
30 Mar

MOSKWADA SEBITLEÝIN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN PUDAGARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler minisritiniň orunbasary W.Hajiýew, rus wekiliýetine – RF-niň daşary işler minisritiniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler.  Geňeşmeleriň barşynda sebitleýin howpsuzlyk we ony pugtalandyrmak babatynda özara hereketleriň ileri tutulý...

DOWAMY
30 Mar

TIFA-NYŇ NOBATDAKY ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy martynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, şeýle-de ABŞ-nyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli wekiliýetleri gatnaşdylar. Mundan başga-da mejlis...

DOWAMY
30 Mar

TURKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYK KADALAŞDYRYŞ PROSESINIŇ HAS HEM ILERLEDILMEGI ÜÇIN YGTYBARLY YKDYSADY ESASYŇ DÖREDILMEGINIŇ ZERURLYGYNY TASSYKLAÝAR

2021-nji ýylyň 30-njy martynda Duşanbede göni we sanly ulgam arkaly  «Aziýanyň ýüregi – Stambul prosesi» Dokuzynjy maslahatyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Mejlise Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň hem-de goldaýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şol sanda mejlise halkara guramalarynyň hem wekilleri gatnaşdylar.  Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler minist...

DOWAMY
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimizi...

DOWAMY
29 Mar

AŞGABATDA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK BOÝUNÇA HALKARA ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýaşlar forumy geçirildi. Forum BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasyny ýerine ýetirmek maksady bien guraldy. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim ministrli...

DOWAMY
28 Mar

«DERÝAPLASTIK» HJ ELEKTRIK SUW GYZDYRYJYLARY ÇYKARMAGY ÖZLEŞDIRDI

?Derýaplastik»  hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda  jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi. Önümçilik sehlerinde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kyrkdan gowragy oturdyldy. Hojalyk jemgyýetiniň täze önümi bäş ýyllyk kepillik bilen çyrakylýar we daşary ýurtlaryňkydan iki esse arzan. Onuň demir bölekleriniň posa ýokary derejeli durnuklylygy  innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy...

DOWAMY