RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Ýan

ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARY MEDENIÝET WE BILIM ULGAMLARY BOÝUNÇA IŞLERI KÄMILLEŞDIMERK MESELELERINE SERETDI

Şu gün, 2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
31 Ýan

TÜRKMENISTANDA ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖNÜNI ALMAK ÜÇIN SANJYMLARY HASABA ALMAK IŞI DOWAM ETDIRILÝÄR

Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek işi işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ilatyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler pugtalandyrylýar.    Ylmyň gazananlarynyň esasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamynyň netijeliligi yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak işi dowam e...

DOWAMY
pic
30 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sadyr Japarowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzy köp asyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, döwletlerimiziň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň emele gelen ýokary derejesiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny belledi. “Häzirki döwürde syýasy, sö...

DOWAMY
pic
30 Ýan

AŞGABATDA HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň w...

DOWAMY
pic
30 Ýan

TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ PLATORMASYNDA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesiniň şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna bilelikde hödürlemek, dolandyrmak we goramak hakynda Ylalaşygyna» gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we özara bähbitli gatnaşyklaryň huk...

DOWAMY
pic
29 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şol sanda beýleki ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Döwlet,...

DOWAMY
pic
29 Ýan

TÜRKMENISTAN ÝAPON KOMPANIÝALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR

2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» ýapon kompaniýasynyň Prezidenti jenap T.Watanabe bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn...

DOWAMY