img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Ýan

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe berk gözegçilikde saklap, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamakla...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň platformasynda alnyp barylýan özara hereketleriň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Guramanyň işiniň ösdürilmegine itergi berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip geç...

DOWAMY
pic
27 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy. Gönüden-göni milli Liderimiziň...

DOWAMY
pic
27 Ýan

TÜRKMENISTAN WE BMG DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DOWAM EDILMEGINI ILERI TUTÝARLAR

2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili hanym Fekitamoeloa Katoa Utoikamana bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary...

DOWAMY
pic
27 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirdi.  Duşuşygyň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýän ýokary derejedäki özara hereketleriň...

DOWAMY
pic
26 Ýan

RESMI HABAR

?Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny« durmuşa geçirmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek hem-de türkmen sportuny has-da belende götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esasl...

DOWAMY
pic
26 Ýan

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli durmuşa geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine: - ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylar...

DOWAMY