SOŇKY HABARLAR
“AKINA-ANDHOÝ” DEMIR ÝOL LINIÝASY IŞE GIRIZILDI
2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet baştutanlary, hökümet agzalary, iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow we Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ý...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERI BILELIKDÄKI INFRASTRUKTURA DESGALARYNYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDYLAR
Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçrijisiniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralary geç...
TÜRKMEN-HINDI SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary (Secretary West) Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar sebit we ha...
«SYÝASAT WE JEMGYÝET» ŽURNALY
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly...
2021-NJI ÝYLYŇ ŞYGARY DABARALANDYRYLÝAR
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylyna ynamly gadam goýdy. Şu ýylyň dowamynda geçirilýän çäreleriň hemmesiniň şanly sene mynasybetli guralýandygy aýratyn guwançlydyr. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI INDONEZIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo “Sriwijaya Air” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz halkyň, Hökümetiň, şeýle hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.
ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY SYNP OKUWÇYLARY TAKYK DERSLER BOÝUNÇA HALKARA DERS BÄSLEŞIGINE GATNAŞDYLAR
Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň topary 7-nji ýanwarda Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan fizika, matematika we informatika dersleri boýunça badalga alan halkara ders bäsleşigine gatnaşýar. Onda dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden z...