SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky işini tamamlap gelýän Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy Paulina Karwowska bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilen Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler adamzadyň saglygyna howp salýan we...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we M.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler Taraplar sebitde durnuk...
MEKDEP OLIMPIADALARYNA BADALGA BERILDI
Däp bolşy ýaly, dekabr aýynda «Altyn asyryň Altyn zehinleri» ady bilen mekdep ders olimpiadalaryna badalga berilýär, onuň nobatdaky tapgyry 2020-2021-nji okuw ýylynda başlandy. Meselem, 18-nji dekabrda paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň ählisinde ilkinji aň-paýhas bäsleşikleri başlandy, olarda okuwçylar öz zehin-başarnygyny, iň esasy-da mekdep derslerini düýpli bilýändiklerini görkezerler. Okuw dersleriniň ondan gowragy boýunça olimpiadalar geçiriler. Olara iňlis, ru dilini we edebiýatyny, m...
«TÜRKMENFILMIŇ» ÝURDUMYZYŇ BITARAPLYGYNA BAGYŞLANAN PREMÝERALARY
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çeper filmiň nobatdaky premýerasy görkezilişe taýýarlanyldy. «Durmuş kyssalary» atly filmde häzirki döwrümiz, Garaşsyz Bitarap döwletimiziň gazananlary, ýaşlar üçin okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň berilýär. Bu tema ýaşlaryň üçüsiniň durmuşy barada gürrüňiň mysalynda açylyp görkezilýär. Şahyr, türgen we fizik-matematik -- bir-birine aýrylmaz wepal...
HOWDANA ILKINJI MILLIARD KUB METR SUW TOPLANDY!
Lebap welaýatynyň günorta-gündogaryndaky «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» adyndaky suw howdanyna gyşky suw toplamak işleri çalt depginlerde alnyp barylýar. TDH-nyň habarçysyyna emeli kölüň direksiýasynda gürrüň bermeklerine görä, häzirki wagtda howdana Amyderýanyň her sekuntda 250-260 kub metr suwy ýygnalýar. Şu güne çebli emeli howdandaky tenekar suwuň gory 1,2 milliard kub metre ýetdi. Amyderýanyň suwy bu ýere ini 120 metr we uzynlygy 40 kilometrden gowrak iri sepleýji kanaldan g...
POÇTA MARKALARYNYŇ ULY TAPGYEY TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANÝAR
?Türkmenpoçta» Döwlet poçta aragatnaşygy kompaniýasy täze markalarda tebigat merjenlerini we adam eliniň döredenlerini, paýtagtymyzyň kaşaň binalaryny we iň täze desgalaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň kemala gelmegi bilen baglanşykly ýadygärliker hem-de desgalar aýratyn bellenildi. Täze türkmen markalarynda geçmişiň ýadygärlikleri we häzirki üstünlikler öz beýanyny tapýar. Hronologiýa kolleksiýalaryny toplaýjylar şanly üstünlikler eýýamynyň özboluşly seneýazg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: GDA ÝURTLARYNYŇ ÇÄKLERI YKLYM DEREJESINDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ MAGISTRAL ÝOLLARYNA ÖWRÜLIP BILER
Şu gün, 18-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesine baha berip, onuň ösdürilmegi ugrunda birnäçe başlangyç bilen çykyş etdi. Prezident 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyna esa...