SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN TUTUŞ DÜNÝÄ ÝURTLARYNA YNSANPERWER KÖMEGINI BERMEGINI DOWAM EDER
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady. Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna,...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI ÇÄRESINE GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasyna laýyklykda 15 ýyl ozal döredilen Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çäre geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministri gatnaşdy. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň ynsanperwerlik ýörelgelerine...
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ AZERBAÝJAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary,...
DAŞARI IŞLER MINISTRINIŇ OWGAN YSLAM RESPIBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda TDIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Owganystanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisiniň adyna gutlaglaryň we mähirli arzuwlaryň aýdylmagy bilen başlandy. Taraplar türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara ygrarlyl...
TÜRKMENISTAN DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN IŞJEŇ GATNAŞYKLARY ÖSDÜRÝÄR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilýän halkara serginiň çäklerinde wajyp resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy. Halkara guramalar we daşary ýurt kompaniýalary bilen, şol sanda onlaýn görnüşde gol çekilen Ähtnamalaryň, Ylalaşyklaryň we iş meýilnamalarynyň 18-siniň hem obasenagat toplumynda özara peýdaly uzak möhletleýin gatnaşyklaryň...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 262-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň telekeçileri dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, EСO-93 ulag benzinini (“Türkmengaz” döwlet konserni), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyj...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, ukrain dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy. Tanyşdyrylyş d...