SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEKDE WE GÜLLÄP ÖSÜŞI GAZANMAKDA SYÝASY-DIPLOMATIK GURALLARY ULANMAGYŇ ZERURLYGYNA YNANÝAR
Şu gün Ženewada onlaýn görnüşinde geçýän Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda dünýäniň onlarça ýurdunyň, şol sanda Russiýanyň, Eýranyň, Şwesariýanyň, ABŞ-nyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki köptaraplaýyn guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guttereşi...
GELJEK ÝYL TOPH GAZGEÇIRIJISINIŇ GURLUŞYGY OWGANYSTANYŇ ÇÄGINDE DOWAM EDER
Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisiniň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Dabarada çykyş etmek bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýurduň ykdysady ýagdaýy barada gürrüň berdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň Owganystany dünýä ykdysadyýetine goşmaklyga bolan ymtylyşlaryna minnetdarlyk bildirip, ol aýratyn-da bu ugurda Türkmenistanyň möhüm goşandyny belledi. Türkmen tarapyndan başy başlanan taslamalarda, hususa...
SEBITLEÝIN HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTANYŇ MÖHÜM ORNY BELLENILIP GEÇILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Owganystan boýunça Maslahatyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşyk onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi. Döwlet we hökümet, şeýle-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşan duşuşygynyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýun...
TÜRKMENISTAN ŽENEWADA GEÇIRILÝÄN OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleriniň başlyklyk etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýär. Bu maslahat dünýäniň 100-den gowrak ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan bolan ýokary derejeli wekilleri özünde jemledi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary i...
«МIR» DÖWLETARA TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çykyşlarynyň barşynda Türkmenistanyň...
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen,Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, awtomobil benzinini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtomobil benzini OYR-nyň telekeçileriniň geleşiklerini...