SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN «MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI» FORMATYNDAKY MINISTRLER DEREJESINDÄKI 16-NJY DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Jozep Borelliň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şonuň ýaly-da Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar mejlisiň gün tertibine girizilen iki mesele, has takygy ÝB-niň...
YKDYSADYÝETDE HUSUSY KOMPANIÝALARYŇ PAÝY ARTÝAR
Daşoguz welaýatynyň ykdysadyýetinde hususy düzümleriň paýy barha artýar. Olaryň biri hem «Ýüpek ýoly gurluşyk» Hojalyk jemgyýetidir, onuň ýörüteleşdirilen edaralary ýerli energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, diňe şu ýyl olar Ruhubelent şäherçesiniň Aşyk Aýdyň köçesinde täze elektrik geçirijini gurdular. Bu ýerde beton sütünleriň 47-si dikildi, jemi 10 we 0,4 kilowoltlyk elektrik geçirijileriň bäş kilometrden gowragy gurnaldy. Bu şahsy düzüm S. A. Nyýazow adynda...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISINI KABUL ETDI
2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomatlar döwletara we pudagara derejesinde türkmen-ýapon hyz...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY ITALIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi. Diplomatlar ýokary derejedäki özaragatnaşyklaryň ulgamlaýyn häsiýetini belläp geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň arasyndaky önje...
RESMI HABAR
Teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, tehniki binýadyny berkitmek we döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki «Sony Middle East And Africa FZE» kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama bagl...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçat kerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. BAE-den gelen täjirler “Türkmensenagat eksport-import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden karbamid, Beýik Britaniýanyň işew...
BAŞ DRAMA TEATRY: AKTÝOR BÜTIN ÖMRÜNE ÖWRENIP ÝÖRMELI
Aktýorlaryň sahna gelşi her hili bolýar: käbiri çagalykdan ony arzuwlasa, beýlekileri – tarpdan, bir saý-sebäp bilen gelýär. Olaryň ikinjisi seýrek duşýar, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň aktýory Söhbet Serbazow hem şolaryň biri. Geň ýeri, Söhbediň kakasy – Orazgeldi Serbazow ençeme ýyllap Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatryna, soňra Baş drama teatryna gulluk edipdi... Emma bu hem Söhbetde ata kesbini ýöretmäge höwes döretmedi. Dogry, ol teatry gowy görýärdi, ýöne tomaşaçy hökmünde,...