SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Iýerusalim şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwline Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Rim şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZDA TÄZE BINALAR TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” ýadygär...
UMAROWLARYŇ DÖREDIJILIK MAŞGALASY – FILOSOFIÝA, MAÝYL EDIJILIK, ÖZBOLUŞLYLYK
Çagalar köplenç ata-enesiniň kärini saýlaýarlar, nakgaşlaryň arasynda-da şunuň ýalylar az däl. Şonda-da Umarowlaryň maşgalasy – saýry gelýär, belki, ol ýokary derejeli döredjilikde zähmet çekmek – bularyň maşgala ýörelgesi bolany üçin şeýledir. Žiwopisçi Rahman bilen keramikaçy Dilber Daşkentde duşuşdylar. Olaryň ikisem Daşkendiň A. Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutyny tamamlap barýardylar. Olaryň hersi bir fakultetde okasalaram, ussahanalarda ýygy-ýygydan duşuşardylar, ol ýerde u...
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR HEREKET EDÝÄN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝÜK AWTOULAG TIRKEGLERI ÜÇIN ÝYGYMLARYŇ MÖÇBERI KESGITLENILDI
Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi. Bu hereketler Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny (Aşgabat Ylalaşygyny) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Y...
TÜRKMENISTAN – HINDISTAN: KÖPÇÜLIKLEÝIN MAGLUMATLAR ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Hindistanyň iri Asian News International (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi. Wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maglumatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyn...
HIMIÝA INSTITUTYNYŇ YLMY-BARLAG IŞLERINIŇ ÝYGYNDYSY NEŞIR EDILDI
?Ylym» neşirýatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärleriniň işläp taýýarlan barlaglarynyň we innowasiýalarynyň sekizinji ýygyndysy çapdan çykdy. Ýygyndyda çap edilen elliden gowrak işi ylmy-barlag institutlarynyň, senagat kärhanalarynyň esasy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işgärleri ýerine ýetirdiler. Olarda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmeklige, iň täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri önümçilikde ulanmaklyga, dün...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...